Huawei Nova 10 Pro smartfonynyň çykarylýandygyny resmi taýdan tassyklady

  • 01.07.2022 09:28
  • 13k+

Huawei kompaniýasy Nova 10 Pro smartfonynyň önümçilige goýberilendigini resmi taýdan tassyklady. Huawei Nova 10 Pro 6,7 dýuýmlyk OLED displeýi bilen üpjün edilip, 120 Gs täzelenme ýygylygyny göterýär. Käbir maglumatlara görä, Nova 10 Pro smartfony iki fokusly 60 MP frontal kamera bilen üpjün edildi, şeýle-de gurluş ekranyň astynda barmak yzyny skanerleýjä eýe bolar diýip, megaobzor.com belleýär.

Yzky panelde 50 MP RYYB esasy datçikli üç kameradan ybarat ulgam ýerleşdirilipdir. Gürrüňlere görä, Nova 10 Pro 5G goldawy bolmazdan, Snapdragon çipsetine esaslanýar. Akkumulýatoryň sygymy belli däl, ýöne 100 Wt kuwwatly zarýad berijiniň bolmagyna garaşylýar. Huawei Nova 10 seriýasy barada has jikme-jik maglumatlar tanyşdyrylyş dabarasynda mälim ediler.
Huawei Nova 10 Pro smartfonynyň resmi anonsy 4-nji iýula meýilleşdirilýär.


11.06.2026 23:52
8.6k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6.1k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2.1k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......