Hytaýda kosmos jümmüşini öwrenmek boýunça dünýäde ilkinji assosiasiýa döredildi

  • 10.07.2025 20:55
  • 2.8k+

Hytaýyň Hefeý şäherinde (Anhoý welaýaty) Kosmos jümmüşini öwrenmegiň halkara assosiasiýasy (International Deep Space Exploration Association, IDSEA) resmi taýdan işe başlady. Ol doly derejede bu ugra ünsi gönükdirýän dünýäde ilkinji ylmy gurama boldy.

Assosiasiýa Hytaýyň öňdebaryjy dört guramasynyň: Kosmos jümmüşini öwrenmek barlaghanasynyň, CNSA-nyň Aý gözlegleri we kosmos maksatnamalary merkeziniň, Hytaý astronawtika jemgyýetiniň we Hytaý kosmos gözlegleri jemgyýetiniň gatnaşmagynda döredildi. IDSEA-nyň döredilmegine Planetary Exploration, Horizon 2061 fransuz başlangyjy hem goşant goşdy.
Iki ýyl taýýarlykdan soň, 20 hytaý akademiginiň we 31 halkara alymyň goldawy bilen gurama HHR-iň Döwlet geňeşiniň tassyknamasyny alyp, Raýat işleri ministrliginde hasaba alyndy.
Assosiasiýany işe girizmek dabarasy 7-nji iýulda boldy. Çärä 100-den gowrak adam, şol sanda CNSA-nyň, Raýat işleri ministrliginiň, ýerli häkimiýetleriň, Hytaýyň ylym we tehnologiýa assosiasiýasynyň, daşary ýurt ilçihanalarynyň, şeýle-de halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. 16 daşary ýurt guramalaryndan we 70-den gowrak agentliklerden, uniwersitetlerden we institutlardan gutlag gelip gowuşdy.
IDSEA-nyň prezidenti Hytaýyň inženerlik akademiýasynyň akademigi U Weýžen saýlandy. Beýanda kosmos jümmüşiniň “toparlaýyn adamzat başlangyçlary” hökmünde ähmiýeti nygtalyp, Si Szinpiniň planetara missiýalaryny ösdürmäge çagyryşy bellendi.
Assosiasiýanyň maksady Aý ylmyny, planetar gözlegleri, asteroid howpuny azaltmagy we şuňa meňzeş dissiplinalary öz içine alýar.


şu gün 14:38
994

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......