Hytaýda alty tonnalyk konwertoplan ilkinji gezek synag edildi: bir wagtyň özünde hem dikuçar, hem uçar

  • 27.06.2025 11:19
  • 9.2k+

Hytaýda täze "Zhang Ying R6000" konwertoplanynyň ilkinji ýerüsti synaglary geçirildi. Synaglaryň suratlary United Aircraft tarapyndan çap edildi.

Alty tonnalyk apparat pilotly we pilotsyz dolandyrylýan görnüşlerde döredildi. Ol 10 sany ýolagça çenli gatnatmaga niýetlenendir. Işläp düzüjileriň berýän maglumatyna görä, R6000-iň kreýser tizligi sagatda 550 kilometre, uçuşynyň aňrybaş belentligi 7620 metre, uçuş aralygy 4000 kilometre çenlidir.
Konwertoplan hem dikuçaryň, hem uçaryň häsiýetlerini birleşdirýär: dikligine-de, keseligine-de uçup bilýär. Bu bolsa ony barmasy kyn sebitlerde we dürli wezipeleri ýerine ýetirmekde - ýolagçy gatnawyndan başlap logistika we halas ediş işlerine çenli - ulanmaga amatly edýär.


11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6.1k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2.1k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......