Aşgabatdaky altynjy Hazar sammitiniň esasy netijeleri

  • 30.06.2022 15:16
  • 26801
Aşgabatdaky altynjy Hazar sammitiniň esasy netijeleri

29-njy iýunda Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda altynjy Hazar sammiti geçirildi.

Prezidentler hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary mümkinçiliginiň bardygyny bellediler hem-de Hazarýaka döwletleriň hyzmatdaşlygynyň derejesine oňyn baha berdiler.
Prezidentler Hazar deňzinde kenarýaka döwletleriň alyp barýan işleriniň şu ýörelgeler, ýagny:

1) döwletleriň özygtyýarlylygyna, çäkleriniň bitewüligine, garaşsyzlygyna, özygtyýarly deňhukuklylygyna hormat goýmak, güýji ýa-da güýç ulanmak howpuny salmagy ulanmazlyk, birek-birege hormat goýmak, hyzmatdaşlyk etmek, birek-biregiň içerki işlerine gatyşmazlyk;
2) Hazar deňzini parahatçylykly maksatlar bilen peýdalanmak, ony parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk zolagyna öwürmek, Hazar deňzi bilen bagly ähli meseleleri parahatçylykly serişdeler arkaly çözmek;
3) Hazar sebitinde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek;
4) Hazar deňzinde kenarýaka döwletleriň ýaraglarynyň durnukly deňeçerligini üpjün etmek, harby gurluşygy ähli kenarýaka döwletleriň bähbitlerini nazara almak bilen, göwnejaý ýeterligiň çäklerinde amala aşyrmak, birek-biregiň howpsuzlygyna zyýan ýetirmezlik;
5) sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmek boýunça umumy tagallalara, şol sanda ähli kenarýaka döwletleriň arasynda baglaşylan halkara şertnamalara laýyklykda, harby işler ulgamynda ylalaşylan ynanyşmak çärelerini berjaý etmek;
6) Hazar deňzinde kenarýaka döwletlere degişli bolmadyk harby güýçleriň bolmazlygy;
7) haýsydyr bir kenarýaka döwletiň öz çäklerini beýleki döwletlere islendik kenarýaka döwletleriň garşysyna agressiýany we beýleki harby hereketleri amala aşyrmak üçin bermezligi;
8) kenarýaka döwletleriň özygtyýarly we aýratyn hukuklarynyň we şunuň bilen baglylykda kenarýaka döwletleriň kesgitlän işleriniň görnüşleri babatda olaryň kesgitlän kadalarynyň berjaý edilmeginde her kenarýaka döwletiň territorial suwlarynyň daşky çäkleriniň daşynda deňizde ýüzmek erkinligi;
9) deňizde ýüzmegiň howpsuzlygyny üpjün etmek;
10) halkara hukugyň ählumumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary hem-de degişli kenarýaka döwletleriň ylalaşmalary esasynda, üstaşyr geçirýän kenarýaka döwletiň kanuny bähbitlerini göz öňünde tutup, halkara söwdany we ykdysady ösüşi giňeltmek maksady bilen, Hazar deňzinden beýleki deňizlere, dünýä ummanlaryna çykmagyň we olardan Hazar deňzine girmegiň erkin elýeterli edilmegine hukuk;
11) gämileriň Hazar deňzinde ýüzmegi, oňa girmegi/ondan çykmagy diňe kenarýaka döwletleriň her biriniň baýdagy astynda amala aşyrmagy;
12) bilelikdäki suw biologik serişdelerini täzeden öndürmek we olary peýdalanmagy düzgünleşdirmek boýunça ylalaşylan ölçegleri we kadalary ulanmak;
13) hapalama ýol berýän kenarýaka döwletiň Hazar deňziniň ekologik ulgamyna ýetiren zyýany üçin jogapkärçilik çekmegi;
14) Hazar deňziniň tebigy gurşawyny goramak, onuň biologik serişdelerini gorap saklamak, dikeltmek we rejeli peýdalanmak;
15) Hazar deňziniň biologik serişdeleriniň ekologiýasy, olary gorap saklamak we peýdalanmak babatda ylmy barlaglaryň geçirilmegine ýardam bermek;
16) raýat howa gämileriniň Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň kadalaryna laýyklykda erkin uçmagy;
17) kenarýaka döwletleriň özygtyýarly we diňe özlerine degişli hukuklarynyň, şeýle hem olaryň şunuň bilen baglylykda barlaglaryň belli bir görnüşlerine degişlilikde kesgitlän kadalarynyň berjaý edilmeginde, kenarýaka döwletleriň ylalaşan hukuk namalaryna laýyklykda, her bir kenarýaka döwletiň territorial suwlarynyň çäkleriniň daşynda deňiz ylmy barlaglaryny geçirmek esasynda amala aşyryljakdygyny ýene-de tassykladylar.

Ýedinji Hazar sammiti Eýran Yslam Respublikasynda, ylalaşylan möhletlerde geçiriler.


düýn 10:39
3587

Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistan bilen Çehiýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl doldy. Şu mynasybetli Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan...

düýn 10:34
11110

Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

30-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň...

30.01.2023 17:46
25633

Türkmenistanda «Ýylyň gümrük nokady» we göreldeli gümrük işgärleri yglan edildi

Ahal welaýat gümrükhanasynyň Artyk awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerindäki «Artyk» gümrük nokady «Ýylyň gümrük nokady» diýlip yglan edildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýty habar berýär...

30.01.2023 17:03
6945

Geçen hepde boýunça Türkmenistanyň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkiýäniň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jins matalaryny hem-de nah ýüplügi satyn aldylar. Netijede jemi bahasy ABŞ-nyň...