266 müňden gowrak zyýaratçy haj parzyny ýerine ýetirmek üçin Saud Arabystanyna geldi

  • 29.06.2022 06:13
  • 19k+

25-nji iýuna çenli ýagdaýa görä, Medinede 95 194 zyýaratçy bardy. Bu barada Saud metbugat agentligine salgylanyp, Halkara habarlar agentligi “Kazinformyň” hususy korrespondenti habar berýär.

Patyşalygyň Haj we Umra işleri boýunça ministrliginiň maglumatlaryna görä, 215 müňe golaý zyýaratçy Medinedäki şazada Mohammed bin Abdulaziz adyndaky halkara howa menzili, ýene 17 müň adam gury ýer serhetleri arkaly geldi. 
Zyýaratçylaryň köpüsi Bangladeşden geldi, olaryň sany 12 müň adama ýetýär, onuň yzyndan Nigeriýa, Hindistan, Indoneziýa we Yrak gelýär.
171 müňe golaý zyýaratçy eýýäm Medineden çykyp, Mekgedäki mukaddes ýerlere tarap ugrady. Şu ýyl Saud Arabystany 1 mln adama zyýarat etmäge rugsat berdi, şeýle-de berk talaplary girizdi: zyýaratçylar 65 ýaşdan uly bolmaly däl we olaryň COVID-19-a garşy sanjym şahadatnamasy bolmaly. Mundan başga-da, lukmanlar zyýaratçylary meningokokk ýokanjyna garşy sanjym almaga çagyrdylar.
Haj bäş gün – Zu-l-hija musulman aýynyň 8-den 12-nji gününe çenli dowam edýär. Musulmanlaryň Aý senenamasynyň grigorian senenamasyndan 11 gün gysgadygy sebäpli, haj wagty her ýyl üýtgeýär. Bu ýyl ol 7 – 12-nji iýulda geçirilýär.


10.03.2026 13:50
8.8k+

Dubaý, Jidda we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar aprele çenli ýatyryldy

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligindäki çäklendirmeler sebäpli, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 9-njy martyndan 1-nji apreline çenli aşakdaky...

20.02.2026 11:25
2.4k+

Saud Arabystanynyň Humain kompaniýasy Maskyň xAI-na $3 mlrd maýa goýýar

Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy.  Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi...

19.02.2026 18:49
13k+

Saud Arabystany Türkmenistana 5 tonna hurma gowşurdy

2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Aşgabatdaky Ilçihanasynda ýetip gelen Oraza aýy mynasybetli ynsanperwerlik sowgadyny gowşurmak dabarasy boldy. Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasynyň adyndan Türkmenistanyň hökümetine hijri senenamasynyň 1447-nji ýylynyň hasyly bolan 5 tonna hurma gowşuryldy...

06.02.2026 17:57
8.2k+

Saud Arabystanynda düýelere pasport berlip başlandy

Saud Arabystanynyň hökümeti düýeler üçin pasport ulgamyny işe girizdi. Täze resminamanyň girizilendigi barada Patyşalygyň Daşky gurşaw, suw serişdeleri we oba hojalyk ministrligi sosial ulgamlarda habar berdi. «Onuň Alyjenaby ministriň orunbasary “Düýe pasportyny” tanyşdyrdy...