Volkswagen Porsche sportkarlaryny çykaryp başlar

  • 29.06.2022 06:10
  • 5.5k+

Volkswagen rekord derejeli isleg sebäpli Porsche sportkarlaryny çykaryp başlar. Porsche-niň Ştutgart-Suffenhauzendäki zawody doly güýjüne işlese-de, sargytlar bilen ýetişip bilenok, şol sebäpli nemes awtoöndürijisi Volkswagen konsernindäki kärdeşlerinden kömek soramaly boldy. Bu işde Porsche kompaniýasyna Osnabrýukdaky VW Group kärhanasy kömek eder – 718 seriýaly sportkarlar VW T-Roc kabrioletleri we VW Arteon Shooting Brake awtomobilleri bilen bilelikde ýygnalar diýip, motor.ru habar berýär.

Porsche-niň önümçilik we logistika bölüminiň başlygy Albreht Raýmold Osnabrýukdaky multibrend zawodyň Ştutgartda ýerleşýän kompaniýa öňem kömek edendigini ýatlaýar. On ýyl mundan ozal Saksoniýada Porsche Boxster we Porsche Cayman kabrioletleri we kupeleri çykarylypdy, üç ýyldan soň bolsa Volkswagen zawodynyň konweýerinden Cayenne krossowerleri çykdy. Iki ýagdaýda-da gurnama önümçiliginiň göçürilmegi ýokary isleg sebäpli boldy.
Road & Track amerikan žurnaly Volkswagen bilen Porsche-niň arasyndaky birwagtky gatnaşyklary hem ýatlap geçýär. 1960-njy ýyllarda Volkswagen-iň zawodlarynda Porsche 356 kupesi üçin kuzowlar, 1990-njy ýyllarda Porsche 968 üçin kuzowlar öndürildi. Volkswagen-iň konweýerinden 1969-njy ýyldan 1975-nji ýyl aralygynda Porsche 914 sportkarlary hem çykaryldy. 


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

21.06.2026 16:05
4k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

19.06.2026 09:17
1.3k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

29.05.2026 11:37
3k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....