Täjigistanda Milli agzybirlik gününiň 25 ýyllygy bellenildi

  • 28.06.2022 11:47
  • 2.2k+

Täjigistanda «Milli agzybirligiň güni» baýramçylygynyň 25 ýyllygy bellenildi. 1997-nji ýylda Parahatçylygy we milli ylalaşygy ýola goýmak barada şertnama gol çekildi. Bu resminama respublikada raýatlyk gapma-garşylygynyň soňuna çykdy. Ýurduň prezidenti Emomali Rahmon raýatlary baýramçylyk bilen gutlady diýip, MIR24 habar berýär.

“Parahatçylyk, asudalyk we milli agzybirlik biziň üçin örän möhüm gymmatlyklar bolup, şolaryň kömegi bilen Täjigistanyň halky häzirki günde Watanyň gülläp ösüşiniň, döwletiň ösüşiniň, strategiki milli maksatlaryň durmuşa geçirilmeginiň we her bir maşgalanyň abadançylygynyň hatyrasyna jebisleşip, janyny aýaman zähmet çekýär. Häzirki günde biziň halkymyz her bir maşgalanyň asuda durmuşynyň, her bir raýatyň maksatlarynyň we arzuwlarynyň amala aşmagynyň, Watanyň gülläp ösüşiniň we döwletiň ösüşiniň diňe berk parahatçylygyň we durnuklylygyň bolan ýagdaýynda mümkindigine örän gowy düşünýär” – diýip, Emomali Rahmon belledi.


30.04.2026 17:05
2.6k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

05.03.2026 20:23
1.8k+

Duşenbede türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi

2026-njy ýylyň 3-4-nji marty aralygynda Duşenbe şäherinde Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi boldy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň...

05.03.2026 20:06
12k+

Taňryguly Atahallyýew Täjigistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Duşenbe şäherine iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewi kabul etdi...

05.02.2026 22:58
3.2k+

Türkmenistan Bişkekdäki B5+1 forumynyň çäklerinde SpaceX bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 4-5-nji fewralynda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri M. Astanagulowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bişkekde geçirilen ikinji B5+1 işewürlik forumyna gatnaşdy. Forum Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň döwlet edaralarynyň hem-de işewürlik toparlarynyň wekillerini ýygnady...