Toyota iýul aýynda 50 müň töweregi ulagy az öndürer

  • 27.06.2022 13:34
  • 9k+

Toyota iýulda toplum şaýlarynyň ýetmezçiligi we COVID-19-yň netijeleri bilen baglanyşykly 50 müň sany ulagy kem goýberer. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär.

Indiki aý jemi 800 müň töweregi awtoulag goýbermegi meýilleşdirilýär. Olaryň, takmynan, 250 müňi Ýaponiýada öndüriler, galanlary bolsa kompaniýanyň daşary ýurtlardaky zawodlarynda çykarylar.
Toyota-nyň kesgitlemegine görä, iýul-sentýabr aýlary aralygynda ol her aýda 850 müň awtoulag goýberer. Şonuň bilen birlikde, umumy ýyllyk önümçiligi üýtgemez - şu maliýe ýylynda öndüriji takmynan 9,7 mln ulag goýbermegi göz öňünde tutýar. Emma Toyota soňlugy bilen ýyllyk önümçiliginiň meýilnamasyny azaltmak ähtimallygynyň hem bardygyny ýaňzytdy.


09.06.2026 15:11
3.1k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

07.06.2026 19:49
3k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

05.06.2026 00:37
8.2k+

Toyota gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze görnüşini oýlap tapdy

Toyota kompaniýasy awtoulaglaryň daşky görnüşini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga niýetlenen gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze gurluşyny patentledi. Patent arzasy ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasy......

04.06.2026 17:27
3.1k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....