Samsung kompaniýasyna galp mahabat sebäpli 10 mln dollar jerime salyndy

  • 26.06.2022 10:40
  • 26k+

Samsung Galaxy smartfonlarynyň çygdan goraglylygy barada ýalňyşlyga getirýän mahabaty ýaýradandygy üçin 9,7 mln dollar möçberinde jerime tölär. Bu barada Awstraliýanyň bäsdeşlik we sarp edijileriň hukuklaryny goramak boýunça komissiýasynyň metbugat relizinde aýdylýar diýip, gazeta.ru habar berýär. 

Edaranyň bellemegine görä, Samsung 2016-njy ýylyň mart aýyndan 2018-nji ýylyň oktýabr aýy aralygynda dokuz sany mahabat materialyny çykardy we olarda kompaniýanyň smartfonlarynyň basseýnlerde we deňizde ulanmak üçin laýykdygy aýdylýar. Mahabat kampaniýalary Facebook-da, Twitter-de, Instagram-da, kompaniýanyň saýtynda we dükanlarda geçirildi.
Gözegçilik edarasy suwda ulanylandan soň telefon bilen bagly näsazlyklaryň ýüze çykandygyny tassyklaýan ulanyjylaryň ýüzlerçe arzasyna garady. Käbir ýagdaýlarda gurluşlar işlemegini düýbünden bes etdi.
Samsung-yň Awstraliýadaky bölümçesi smartfony basseýne ýa-da deňiz suwuna çümdürseň, zarýad beriji üçin bölek ýeriň korroziýa sezewar bolup, işlemegini bes edip biljekdigini boýun aldy.
Belli bolşy ýaly, bu näsazlyk diňe Samsung Galaxy S7, S7 Edge, A5 (2017), A7 (2017), S8, S8 Plus we Note 8 smartfonlaryna degişlidir.


22.04.2026 17:08
7.3k+

22 sagatlap howada bolmak isleýänlere: Qantas dünýäniň iň uzak uçuşlaryny taýýarlaýar

Awstraliýanyň Qantas awiakompaniýasy awiasiýa taryhynda iň dowamly täjirçilik uçuşlaryny amala aşyrmaga taýýarlanýar. Täze gatnawlar Sidneý şäherini London we Nýu-Ýork bilen birleşdirer....

20.04.2026 14:53
12k+

91 ýaşynda ata boldy: Awstraliýanyň ýaşaýjysy Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Awstraliýaly Çarlz Smit dünýäde ilkinji gezek ata bolan iň garry erkek adam hökmünde Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan resmi taýdan ykrar edildi. Agtygy Aýlanyň dünýä inen pursatynda Smitiň ýaşy 91 ýyl 209......

18.04.2026 15:16
3.4k+

Dünýäniň iň uly sebitleriniň reýtingi: Saha Respublikasyndan başlap Günbatar Awstraliýa çenli

Sebitler, awtonom territoriýalar, ülkeler we ştatlar – bularyň hemmesi ýurtlaryň administratiw-territorial birlikleridir. Olar taryhy, geografik, ykdysady we etniki faktorlara esaslanyp döredilýär. Şol bir......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....