The Lancet: COVID sanjymy 2021-nji ýylda 20 mln ölümiň öňüni aldy

  • 26.06.2022 10:38
  • 9.6k+

Biologiýa we lukmançylyk ugrundan abraýly ylmy neşirleriň biri bolan Britaniýanyň “The Lancet” žurnalynda çap edilen täze gözlege laýyklykda, dünýä ilatynyň sanjym almagy 2020-nji ýylyň dekabr aýyndan 2021-nji ýylyň dekabr aýy aralygynda COVID-den tas 20 mln ölümiň öňüni aldy. Bu barada interfax.ru habar berýär.

Gözlegçiler matematiki modelirlemäniň esasynda sanjymlaryň tutuş dünýäde ölümiň potensial sanyny iki esse azaldýandygy baradaky netijä geldiler. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, sanjym edilmezden dünýäde koronawirus keselinden 31,4 mln adam ýogalardy.
Resminamada sanjymlaryň uly täsiri we millionlarça adam janynyň sanjymyň ilkinji ýylynda halas edilen bolmagynyň ähtimaldygy aýdylýar. 
Jons Hopkins amerikan uniwersitetiniň maglumatlary boýunça, anna güni sagat 08:00-a çenli ýagdaýa görä, pandemiýa başlany bäri tutuş dünýäde koronawirus ýokanjyna garşy dürli sanjymlaryň 11,6 mlrd dozasy sanjyldy, COVID sebäpli 6,3 mln adam ýogaldy.


23.05.2025 12:05
2k+

BSGG üç ýyl çekeleşmeden soň pandemiýalar bilen göreş şertnamasyny kabul etdi

Ženewada geçirilen Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda BSGG-niň pandemiýalar bilen göreşmek boýunça şertnamasy kabul edildi. Bu resminama babatynda maslahatlar COVID-19 pandemiýasynyň güýjän döwründe başlap, üç ýyl dowam etdi...

20.03.2025 12:22
4.6k+

COVID-19-a garşy derman howply Ebola gyzdyrmasy bilen göreşde netijeliligi görkezdi

Amerikaly alymlar Ebola gyzdyrmasyny bejermegiň täze usulyny ilkinji gezek üstünlikli synagdan geçirdi. Science Advances (SciAdv) žurnalynyň maglumatlaryna görä, Tehas uniwersitetiniň ylmy gözlegçilerine kesel...

13.03.2025 06:25
5.2k+

Britaniýaly hirurglar kowidden soňky kesel alamatly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltdiler

Londonyň Uniwersitet kollejiniň hassahanalarynyň (UCLH) hirurglary kowidden galan sindromly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltmegiň usulyny tapdylar. Synag Facial Plactic Surgery žurnalynda çap...

10.05.2024 13:28
4.8k+

AstraZeneca “islegiň pesligi” sebäpli COVID-19-a garşy sanjymyny satuwdan aýyrýar

Britan-şwed farmasewtik kompaniýasy AstraZeneca COVID-19-a garşy Vaxzevria sanjymyny tutuş dünýä boýunça yzyna gaýtarýandygyny mälim etdi. Kompaniýa bu çözgüdi resmi taýdan islegiň ýoklugy bilen düşündirdi diýip...