Toyota bilen Suzuki Hindistan üçin ýolsuz ýerden ýöreýän gibrid awtoulaglary öndürer

  • 26.06.2022 10:39
  • 11k+

Ýaponiýanyň Toyota Motor we Suzuki Motor awtoöndürijileri Hindistanyň bazary üçin ýolsuz ýerden ýöremäge ukyply gibrid awtoulaglary (sport utility vehicle, SUV) öndürer. Bu barada interfax.ru habar berýär.

Iki kompaniýanyň metbugat relizinde habar berlişi ýaly, olar awgust aýyndan Suzuki tarapyndan Toyota Kirloskar Motor Pvt. zawodynda işlenip düzülen gibrid awtomobiliň bilelikdäki önümçiligine başlarlar.
Soňra kompaniýalar üpjünçiligi dünýäniň beýleki ýurtlary, şol sanda Afrikanyň ýurtlary üçin hem giňeltmegi maksat edinýärler. Toyota bilen Suzuki-niň arasynda halkara arenasynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky şertnama 2017-nji ýylda gol çekildi.
Anna güni Ýaponiýadaky söwdada Toyota-nyň paýnamalarynyň bahasy 0,7% peseldi. Suzuki-niň gymmatly kagyzlary 2,6% gymmatlady.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......