Netflix 300 işgärini işden çykarýar

  • 26.06.2022 10:36
  • 6.1k+

Netflix abunaçylaryň sanynyň ep-esli azalmagy we netijede, kompaniýanyň girdejileriniň hem-de onuň paýnamalarynyň bahasynyň peselmegi sebäpli 300 iş ornuny kemeldýär. Bu barada Euronews habar berýär.

Bu eýýäm ikinji gezek bolýar: maý aýynda 150 işgär işden çykarylypdy. Şu ýylyň birinji çärýeginiň ahyrynda striming hyzmaty 200 müň abonentini ýitirdi, ikinji çärýekde bolsa ýene 2 millionyny ýitirer diýlip çaklanylýar. Ýolbaşçylyk muny bäsdeşligiň ýokarlanmagy we ulanyjylaryň akkauntlardan paroly köpçülikleýin paýlaşmagy bilen baglanyşdyrýar. Analitikler esasy sebäp hökmünde mazmuny döretmek üçin bölünip aýrylan býujeti ýokarlandyrmak maksady bilen abonent töleginiň ep-esli ýokarlanmagyny belleýärler.
Netflix öz filmlerine we seriallaryna elýeterlilik üçin her aý müşderilerden 15,50 ABŞ dollary alýar. Wideony has ýokary durulykda (UHD/4K) görmek hyzmaty goşmaça tölege hödürlenilýär. Kompaniýanyň esasy bäsdeşleri bolan Amazon Prime Video-da, HBO Max-da we Disney Plus-da ortaça bahalar pesdir. 
Internet ägirdiniň menejmenti ýitgileriň öwezini dolmak üçin hyzmata mahabatlary goşmak mümkinçiligini gözden geçirýär we abuna üçin tölegiň azaldylmagynyň mümkindigini hem ret etmeýär.  


04.03.2026 14:13
1.1k+

Garşydaşlar dil tapyşýar: Apple TV+ we Netflix seýrek ylalaşyga gol çekdiler

Apple TV+ hem Netflix kompaniýalary 6–8-nji martda Awstraliýada başlanjak Formula-1 dünýä çempionatynyň täze möwsüminiň öňüsyrasynda özara hyzmatdaşlygy yglan etdiler we awtoýaryşyň tomaşaçylarynyň hatyrasyna ilkinji gezek güýçlerini birleşdirdiler...

28.02.2026 19:26
4.7k+

$110 mlrd meseläni çözdi: Warner Bros. kompaniýasy bilen Paramount ahyr elleşdi

Warner Bros. Discovery kompaniýasy Paramount Skydance bilen bahasy 110 milliard dollara deň bolan birleşmek baradaky şertnamany baglaşdy. Bu barada Paramount kompaniýasynyň resmi saýtynda habar berilýär. Indi bu şertnama Ýewropa komissiýasynyň tassyklamagyna garaşýar...

27.02.2026 18:51
1.8k+

Netflix baha teklibini galdyryp oturman, Warner Bros. Discovery boýunça gepleşiklerden çekildi

Netflix kompaniýasy Warner Bros. Discovery ugrundaky göreşde öz teklibini ýokarlandyrmakdan ýüz öwürdi we iş ýüzünde bäsdeşlikden çykdy diýen ýaly. Bu barada Reuters agentligi habar berýär. Warner Bros. Discovery-niň direktorlar geňeşi Paramount Skydance-iň iň soňky teklibiniň has amatly diýlip ykrar edilendigini habar berdi...

25.02.2026 18:36
2.1k+

Paramount kompaniýasy Warner Bros.-y almak üçin Netflix bilen göreşde teklibini ýokarlandyrdy

Paramount Skydance kompaniýasy Warner Bros. Discovery-ny satyn almak baradaky teklibini resmi taýdan her paýnama üçin 31 dollara çenli ýokarlandyrdy diýip, CNN neşiri Warner Bros. Discovery-nyň beýanatyna salgylanyp habar berýär...