Iýul aýynyň esasy medeni çäreleri haýsylar?

  • 25.06.2022 12:37
  • 11k+

24-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň оrunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň iýul aýynda geçiriljek esasy çäreleriň tertibi barada hasabat berdi. Şol çäreler maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, onlaýn çäreleri, sergileri hem-de şanly senelere bagyşlanan wagyz-nesihat çärelerini özünde jemleýär.

Aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň welaýatlar boýunça jemleýji tapgyrlaryny we dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň welaýatlar boýunça tapgyrlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. 2024-nji ýylda Fransiýada türkmen sungatyna we taryhyna degişli sergini geçirmegiň guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça şu ýylyň 7-nji iýulynda sanly ulgam arkaly ikitaraplaýyn duşuşygyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Wise-premýer Gurban baýramy mynasybetli Aşgabat şäherinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda dürli medeni çäreleriň geçiriljekdigini habar berdi. Geljek aýda geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň meýilnamasy döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenildi.

Döwlet Baştutany hödürlenen meýilnamany makullap, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.


19.06.2026 10:10
3.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......