Türkmenistanyň býujeti 3 ýyllyk möhlet üçin işlenip taýýarlanylar

  • 25.06.2022 10:58
  • 7.5k+

2025-nji ýyldan başlap Türkmenistanyň Döwlet býujetini 3 ýyllyk möhlet üçin işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Bu ugurda alnyp barylýan işler barada Hökümetiň 24-nji iýunda geçirilen sanly ulgam arkaly mejlisinde wise-premýer M.Muhammedow hasabat berdi.

Hususan-da, «Türkmenistanda býujet işini kämilleşdirmek boýunça çäreler hakynda» Kararyň deslapky taslamasynyň taýýarlanylýandygy barada aýdyldy. Ol ýurduň Býujet kodeksiniň wezipelerini hem-de talaplaryny ýerine ýetirmäge gönükdirilendir. Resminamada Döwlet býujetini 3 ýyllyk möhlet üçin işläp düzmek, onuň ýerine ýetirilişine gözegçiligi berkitmek we býujet ulgamyny dolandyrmagy kämilleşdirmek boýunça çäreleriň toplumy, 2022 — 2024-nji ýyllarda degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamak göz öňünde tutuldy. Şunuň bilen bir hatarda, ýörite döwlet toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak teklip edilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki zaman şertlerinde ykdysadyýeti dogry we sowatly dolandyrmagyň örän möhümdigini, şunuň bilen baglylykda, onuň gurallarynyň biriniň býujet ulgamy bolup durýandygyny belledi. Şu işlerde esasy maliýe resminamasy bolan ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň kemala getirilmegine wajyp orun berilýär. Pul akymlaryny dolandyrmagyň güýçli, durnukly ulgamy döwletiň ygtybarly bolmagyna, Watanymyzyň gülläp ösmegine hem-de raýatlaryň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär diýip, döwlet Baştutany nygtady hem-de wise-premýere bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.


düýn 21:15
610

Geçen hepde TDHÇMB söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy 13 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 13 million 66 müň ABŞ dollaryndan gowrak bolan 19 sany geleşik hasaba alyndy....

17.05.2026 15:44
7.9k+

Hytaý we ABŞ birnäçe harytlar boýunça özara gümrük paçlaryny azaltmak barada ylalaşdylar

Hytaýyň Söwda ministrligi Hytaý bilen ABŞ-nyň arasynda harytlaryň belli bir görnüşleri boýunça özara söwda gümrük paçlaryny azaltmak barada ylalaşyk gazanylandygyny yglan etdi....

16.05.2026 09:58
7.6k+

Hytaýda dünýäniň iň uly demir ýol menzili açyldy

Hytaýyň Çunsin şäherinde meýdany boýunça dünýäde iň uly hasaplanýan Gündogar demir ýol menziliniň gurluşygy tamamlandy. Umumy meýdany 1,22 million kwadrat metr bolan bu ägirt uly toplum Hytaýyň ýokary tizlikli......

16.05.2026 09:24
4.9k+

Hindistan sentýabryň ahyryna çenli şeker satmagy gadagan etdi

Hindistanyň hökümeti 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabryna çenli daşary ýurtlara şeker satmagy bütinleý gadagan etdi. Bu çäklendirme dessine güýje girdi we indiki degişli buýruga çenli dowam eder....