Ferrari-niň guran yşyk şüweleňi Ginnesiň rekordyny gazandy

  • 25.06.2022 11:24
  • 8.2k+

Ferrari kompaniýasy öz Fiorano trassasynda kompaniýanyň 75-ýyllygy mynasybetli guran yşyk şüweleňiniň ýazgysynyň wideoroligini çap etdi. Çapyşyk ýoluny uzaboýuna trassa boýunça hereket edýän superkary şekillendirýän yşyk diodlary bilen örtdüler. Şüweleňiň gerimi şeýlebir giň boldy welin, çäre Ginnesiň rekordlar kitabyna düşdi.

«Müňlerçe yşyk diodlarynyň ýagtylygy çapyşyk meýdançasyny biziň esaslandyryjymyz Enso Ferrara, şeýle hem onuň bize goýup giden ruhuna we yhlasyna bagyşlanan şekiller bilen bezelen Yşyk Diwaryna öwürdi» — kompaniýa wakany şeýle beýan etdi. Hakykatdanam yşykdan surat eserini döretmek üçin ulanylan diodlaryň sany milliondan geçdi.

Şüweleňde 1 039 280 yşyk diodyny emele getiren 172 müň lampa ulanyldy. Olaryň hatar guran «setirleriniň» umumy uzynlygy 89 kilometr boldy, yşyk bilen örtülen meýdança bolsa 113 müň inedördül metre sähelçe ýetenok. Munuň özi Ferrari-niň yşyk diodlary bilen yşyklandyrylan dünýäde iň uly çapyşyk trassasyny dörediji hökmünde rekordlar kitabyna girmegi üçin ýeterlik boldy.
Şonda çapyşyk ýolunyň yşygy diňe bir Ferrari Daytona SP3 superkarynyň hereketini yzarlaýan dinamiki däl, eýsem animasion hem işleýär: yşyk diodlary dürli suratlary yzygiderli şekillendirýär. Ahyrda olar Ferrari-niň ýubileýiň şanyna işlenip taýýarlanan we geçen ýylyň dekabr aýynda hödürlenen baýramçylyk logotipi bilen goşulyşyp gidýär.  


13.06.2026 12:31
2.4k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......

27.05.2026 14:16
1.9k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......