Krossower ilkinji gezek dünýäde iň köp satylan ulag boldy

  • 24.06.2022 00:37
  • 14k+

2021-nji ýyldaky satuwlaryň jemleri boýunça Toyota RAV4 Ýer togalagynda iň arzyly ulag boldy. Motor1 neşiriniň we JATO Dynamics seljeriş kompaniýasynyň hünärmenleri 106 ýurtdan alnan söwda maglumatlaryny (olar global söwdalaryň 99% töweregini öz içine alýar) seljerip, şeýle netijä geldiler.  Mundan hem başga, iň meşhur awtoulaglaryň Top-10-yna ilkinji gezek elektrokar girdi: bu Tesla Model 3.

Toyota Rav4-iň dünýä boýunça 1 132 000 sanysy satyldy. Bu oňa öňki öňdelikçi, 1 104 000 sanysy satylan Toyota Corolla-ny ikinji ýere süýşürmäge mümkinçilik berdi. Üçünji orny ýapon wsedorožnigi — Honda CR-V eýeledi, ony 903 müň adam satyn alypdy.
Şeýle-de, öňdäki orunda barýan onluga Nissan Sentra, Toyota Camry, Honda HR-V, Ford F-150, Toyota Hilux, Tesla Model 3 we Honda Accord (481 müň ulag) girdi. Şeýlelikde, dünýäde iň meşhur ulaglaryň ondan sekizisi ýapon gelip çykyşlydyr.
Şeýle hem şol modelleriň käbiri öz toparlarynda öňdäki orunlary eýelediler. Meselem, Toyota Camry-ni orta ölçegdäki iň islegli sedan diýip atlandyrdylar, Ford F-150-ni bolsa meşhur pikapa deňediler.
Premial awtoulaglaryň sanawynyň başyny c seriýaly BMW 3 çekýär, onuň 329 müň sanysy satylypdyr, ultra ykjam modelleriň arasynda Hytaýyň Wuling Hongguang Mini EV (391 ulag) elektrokary öňde barýar, sportkarlaryň arasynda bolsa 2021-nji ýylda iň gowy satylany Ford Mustang — 70 müň sany.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......