Awstraliýanyň futbol boýunça ýygyndysy dünýä çempionatyna çykdy

  • 14.06.2022 20:03
  • 9.7k+

Awstraliýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2022-nji ýylda Katarda geçiriljek dünýä çempionatynda oýnamaga hukuk gazanmak ugrundaky yklymara pleý-off oýnunda peruly garşydaşlaryndan üstün çykdy diýip, Trend ýazýar.

Oýnuň esasy wagty 0:0 hasabynda tamamlandy. Oýundan soňky 11 metrlik jerime urgularynda awstraliýalylar netijeli boldular — hasap 5:4.
Awstraliýa bije çekişligiň netijesi boýunça D toparda oýnar. Fransiýa, Daniýa we Tunis onuň garşydaşlary bolar.
Awstraliýanyň ýygyndysy yzygider ýagdaýda bäşinji gezek dünýä çempionatyna gatnaşýar. Toparyň bu ýaryşlarda gazanan iň ýokary netijesi — 2006-njy ýylyň dünýä çempionatynda 1/8 finala çykmagydyr.


düýn 19:10
4.6k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
6.7k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.5k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....