Serdar Berdimuhamedow Tretýakow galereýasynyň gymmatlyklary bilen tanyşdy

  • 11.06.2022 08:19
  • 8.8k+

10-njy iýunda Russiýa Federasiýasyna ilkinji resmi saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Moskwanyň çeperçilik muzeýine — Döwlet Tretýakow galereýasyna baryp gördi. Belent mertebeli türkmen myhmany bu ýerde ýerleşdirilen meşhur rus suratkeşleriniň ajaýyp eserleri bilen tanyşdyryldy. 

Ýeri gelende bellesek, Moskwanyň Döwlet Tretýakow galereýasy dünýäniň iň iri çeperçilik muzeýleriniň biridir. Ol 1851-nji ýylda moskwaly täjir Pawel Tretýakow tarapyndan esaslandyrylyp, 1893-nji ýylda resmi taýdan jemgyýetçilik üçin açylypdyr. 

Tretýakow galereýasy Russiýanyň milli sungatynyň esasy muzeýi bolup, ol ýurduň dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandyny açyp görkezýär. Häzirki wagtda bu çeperçilik toplumy XIX-XX asyrlaryň sungat eserleriniň 190 müňe golaýyny özünde jemleýär.


şu gün 00:03
567

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

25.06.2026 17:08
11k+

160 kg altyn teňňe ýitdi: Sankt-Peterburgda «asyryň ogurlygy» derňelýär

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde bankyň saklawhanasyndan altyn maýa goýum teňňeleriniň ogurlandy. Häzir bu jenaýat boýunça uly iş gozgalyp, derňew işleri alnyp barylýar. Derňewiň maglumatlaryna görä, ýiten......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......