Serdar Berdimuhamedow Näbelli esgeriň guburyna gül goýdy

  • 11.06.2022 08:24
  • 36k+

Russiýa Federasiýasyna ilkinji resmi saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Kreml diwarynyň ýanyndaky Aleksandrow bagynda Näbelli esgeriň guburyna gül çemenini goýdy.

Näbelli esgeriň gubury ýadygärlik arhitektura toplumy bolup, ol 1967-nji ýylda käbir meşhur rus arhitektorlarynyň taslamasy esasynda bina edildi. Ýadygärlik Russiýanyň medeni mirasynyň desgasy diýen derejä eýedir.

Däp bolşy ýaly, Russiýa Federasiýasyna sapar bilen baran döwlet we Hökümet Baştutanlary 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan esgerleri hatyralap, bu ýadygärlige gül desselerini goýýarlar.


şu gün 00:03
567

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

25.06.2026 17:08
11k+

160 kg altyn teňňe ýitdi: Sankt-Peterburgda «asyryň ogurlygy» derňelýär

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde bankyň saklawhanasyndan altyn maýa goýum teňňeleriniň ogurlandy. Häzir bu jenaýat boýunça uly iş gozgalyp, derňew işleri alnyp barylýar. Derňewiň maglumatlaryna görä, ýiten......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......