Serdar Berdimuhamedow Moskwada saparda bolup, Putin bilen duşuşar

  • 06.06.2022 02:41
  • 33k+

Ýakyn günlerde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçiriler. Bu barada rus Lideriniň metbugat sekretary Dmitriý Peskowyň maglumatlaryna salgylanyp, iri habarlar gulluklary ýazýar.

Habarlarda bellenilişi ýaly, Serdar Berdimuhamedowyň Moskwa saparynyň çäklerinde ykdysady meseleler boýunça birnäçe duşuşyklary we gepleşikleri geçirmek meýilleşdirilýär. Munuň özi türkmen döwletiniň Baştutanynyň Saud Arabystany Patyşalygyna gidip, Mekgede umra hajyny berjaý edeninden soňra, daşary ýurtlara amala aşyrjak nobatdaky sapary bolar.

Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 12-nji maýynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna gatnaşmaga gelen GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy, RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşyp, Prezident Wladimir Putiniň Moskwa sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny ýetiripdi.


düýn 20:55
1.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......