BMW täze nesliň X1 krossowerini hödürledi

  • 05.06.2022 15:28
  • 13k+

BMW kompaniýasy üçünji nesliň X1 krossowerini hödürledi. Awtoulagy adaty içerki ýangyç hereketlendirijileri hem-de elektrikleşdirilen güýç gurluşy bilen satyn almak bolýar. Kompaniýanyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, awtoulagyň iki görnüşi-de BMW-niň Regensburgdaky zawodynda öndüriler. Ýewropada awtomobiliň satuwy şu ýylyň oktýabr aýynda başlar. Onuň bahasy soňrak mälim ediler.

Üçünji nesliň X1 krossoweri öňki siluetini saklady, ýöne şinada dik kesikler bilen ulaldylan radiator gözenegine, täzelenen 3-Series stilinde täze optika we görnüşi üýtgedilen bamperlere eýe boldy. Şeýle-de, awtomobil panorama lýugyny, güberçek şekilli kapoty we diametri 17 dýuýmdan 20 dýuýma çenli bolan beýleki teker disklerini aldy. Awtoulagyň uzynlygy 4500 mm, ini – 1845 mm, beýikligi – 1642 mm. Teker bazasynyň ölçegi 2692 mm deň. Daşky görnüşi boýunça “ýaşyl” X1 adaty krossowerden kuzowdaky aýratyn gök goşundylar bilen tapawutlanýar. 


18.06.2026 10:58
3.8k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......