Türkmenistanda çagalar güni bellenildi: Döwletliler köşgüniň çagalaryna sowgatlar gowşuryldy

  • 02.06.2022 09:15
  • 7.7k+

1-nji iýunda Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçirildi. 

Şol gün Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemaýaty, Serdar Berdimuhamedowyň sowgady çagalara, şol sanda paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde  terbiýelenýänlere dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şu ýylda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli gazna tarapyndan durmuş goldawyna mätäç çagalara sowgat üçin 500 müň manat gönükdirildi. Baýramçylyk çärelerine Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. 
Çagalar bagtyýar durmuş ugrunda ähli zerur şertleriň döredilýändigi, özleriniň hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda geçirilen haýyr-sahawat çäreleri  hem aýdym-sazly dabaralar bilen utgaşdy. 


19.06.2026 10:10
3.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......