Samsung smartfon önümçiligini 30 mln birlik azaldyp biler

  • 01.06.2022 09:54
  • 6.4k+

Günorta Koreýanyň abraýly žurnallarynyň biri 2022-nji ýylda Samsung kompaniýasynyň ilkibaşda meýilleşdirilişinden 30 mln birlik az smartfon çykarjakdygyny habar berýär. Önümçiligiň azaldylmagynyň üç esasy sebäbi inflýasiýanyň ýokarlanmagyndan we soňky sarp ediş çykdajylaryndan, toplumy düzüjileriň ýetmezçiliginden we Ukrainada dowam edýän harby hereketlerden ybaratdyr. Kompaniýanyň arzan smartfonlardan başlap, flagmanlara çenli ähli smartfon kategoriýasynyň önümçiligini azaltmagyna garaşylýar diýip, itzine.ru habar berýär.

Ilkibaşda Samsung 2022-nji ýylda 310 mln smartfon öndürmegi meýilleşdiripdi, ýöne özüniň iş meýilnamasyna düzedişleri girizmäge mejbur boldy. Häzirki wagtda kompaniýanyň maksady şu ýyl 280 mln smartfon öndürmekdir. Hatda kompaniýanyň birinji çärýekdäki rekord girdejisi hem (73,7 mln satylan smartfon) onuň şu ýylky meýilnamalaryna täzeden garamaga mümkinçilik bermedi.
Habar berlişi ýaly, beýleki uly smartfon öndürijiler hem smartfon önümçiligi boýunça öňde goýlan maksatlary üýtgetmek bilen meşgullanýarlar. Mysal üçin, Apple ilkibaşda meýilleşdirilenden 20% az iPhone SE smartfonyny öndürmegi meýilleşdirýär. 


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...