Serdar Berdimuhamedow azerbaýjanly kärdeşini gutlady

  • 28.05.2022 08:35
  • 8.4k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe we ýurduň ähli doganlyk halkyna Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Şu ýyllaryň dowamynda Azerbaýjan Respublikasy syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we halkara giňişlikde ýurduň abraýyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazandy” diýlip, hatda bellenilýär.

Döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň iki halkyň röwşen geljeginiň hatyrasyna mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirip, soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli netijeli hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykandygyny kanagatlanma bilen belledi.


şu gün 08:18
1.4k+

Türkmenistan ÝTÖB bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meýilnamasyny taýýarlaýar

Mart-aprel aýlarynda Türkmenistanda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça meýilnamany taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Bu meselä 20-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde garaldy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi...

şu gün 07:55
2.2k+

25-nji martda ähli welaýatlarda gowaça ekişine başlanar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurduň ähli welaýatlarynda gowaça ekişine 25-nji martda başlamaga ak pata berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi...

şu gün 07:31
1.8k+

Daşary ykdysady hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek boýunça resminamalaryň taslamalary makullandy

20-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde ýurduň 2026–2030-njy ýyllar üçin daşary ykdysady işini ösdürmek boýunça möhüm resminamalaryň taslamalary maslahatlaşyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi...

şu gün 01:05
5.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti «Galkynyş» gaz käniniň IV tapgyryny özleşdirmek hakyndaky Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Galkynyş» äpet gaz käniniň dördünji tapgyryny senagat taýdan özleşdirmek hakyndaky Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi. Döwlet...