Daşoguzda iri desgalaryň 48-siniň gurluşygy alnyp barylýar

  • 27.05.2022 14:41
  • 24k+

Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň çäklerinde giň möçberli gurluşyk işleri alnyp barylýar. Olar barada Hökümetiň 26-njy maýda geçirilen göçme mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow hasabat berdi. 

Habar berlişi ýaly, düýpli maýa goýumlaryň hasabyna bu sebitde binalaryň we desgalaryň jemi 48-siniň gurluşyk işleri amala aşyrylýar, şolaryň 20-si durmuş maksatly, 28-si bolsa önümçilik maksatly desgalardyr. Şu ýyl 7 desgany we binany ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, 600 orunlyk 2 sany orta mekdebiň, 240 orunlyk çagalar bagynyň hem-de çagalar üçin döwrebap dynç alyş seýilgähiniň, ýolagçy awtomenziliniň gurluşyklary güýçli depginde alnyp barylýar.

Daşoguz welaýat häkimliginiň hem-de raýatlaryň buýurmasy esasynda ilaty ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek boýunça meýilnamalaryň çäklerinde 4 gatly, 16 we 24 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 35-siniň gurluşygy dowam edýär.

Energetika ministrligi tarapyndan ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça taslamany durmuşa geçirmek maksady bilen, güýjenmesi 500 kilowolt bolan Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijiniň hem-de beketleriň gurluşyk işleri ýokary depginde dowam edýär. Welaýatyň oba ýerlerinde, şäherçelerde, etraplardaky şäherlerde we etrap merkezlerinde içerki awtomobil ýollaryny gurmak hem-de hereket edýänleriniň durkuny täzelemek boýunça işler ýaýbaňlandyryldy. 


14.05.2026 19:01
1.7k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......