Halyçylaryň 11-si "Türkmenistanyň at gazanan halyçysy" adyny aldy

  • 27.05.2022 08:21
  • 5.5k+

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň degişli Permanyna laýyklykda, halkymyzyň buýsanjyna öwrülen türkmen halylarynyň taýsyz gözelligini we nepisligini dünýä ýaýmakda, hala çeper nagyşlary salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň birnäçe  raýatyna «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy.

Anyk aýdylanda, olar:

  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Arzygül Durdymuhammedowna Kakabaýewa,
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň haly ussahanasynyň halyçysy Aýgözel Nurmämmedowna Esenowa, 
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Serdar çeper halyçylyk kärhanasynyň önümhana halyçysy Täjigül Nurmämmedowna Ýagmyrowa, 
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bereket çeper halyçylyk kärhanasynyň Balkanabat bölüminiň önümhana halyçysy Jumagül Saparmämmedowa, 
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag haly önümhanasynyň halyçysy Ýazgül Begbaýewna Söýegowa,
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Agabeg Amanowna Hudaýberenowa,
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň   3-nji önümhanasynyň halyçysy Gülnara Çaryýewna Rezwanowa,
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň sowgatlyk önümhanasynyň halyçysy Dünýägözel Rejepgulyýewna Ýalkapowa,
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Aknabat Çarýardurdyýewna Mahramowa,
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň   2-nji önümhanasynyň halyçysy Ogulmurat Güýçgeldiýewna Kullyýewa,
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Türkmengala haly önümhanasynyň halyçysy Ogulgözel Imamkulyýewa dagylardyr.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

12.06.2026 01:36
5k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

11.06.2026 14:06
7.3k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

11.06.2026 14:01
7.8k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....