2022-nji ýylda iň uly asteroid 27-nji maýda Ýere ýakynlaşar

  • 24.05.2022 11:42
  • 27k+

Apollon toparyndan şu ýyl belli bolan asteroidlerden iň ulusy 27-nji maýda Ýere ýakynlaşar. Bu barada RYA-nyň M.W.Keldyş adyndaky Amaly matematika institutynyň (AMI) habarynda aýdylýar. Muny TASS ýetirýär.

Institut Apollon toparyndan howply bolup biljek (7335) 1989 JA asteroidiniň suratyny neşir etdi. 

“Şu ýyl ol howply bolup biljek obýektlerden iň ulusy bolmaly (ululygy, takmynan, bir ýarym kilometr), bu bolsa ony 20 sm aperturaly höwesjeň teleskopda-da görmäge mümkinçilik berer. Planetamyz bilen has ýakynlaşma 27-nji maýda Moskwa wagty bilen sagat 17:26-da 13 km/s tizlik bilen, takmynan, 4 mln km aralykda bolar” – diýlip, institutyň Telegram-kanalyndaky habarda aýdylýar.

Institutda AMI-niň ylmy kooperasiýasynyň birnäçe obserwatoriýasynyň geçen gijeler asteroide gözegçilik edendigi bellenilýär. “Alnan maglumatlar çen bilen belli bolan aýlanma döwrüni anyklaşdyrmak üçin ulanylar” – diýlip düşündirilýär. 

Şol bir wagtyň özünde Roskosmos (7335) 1989 JA asteroidiniň ýakynlaşan wagtynda Ýere hiç bir zadyň howp salmaýandygyny nygtady.


19.05.2026 16:54
9.3k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 11:27
7.7k+

ABŞ-nyň iň demirgazyk şäherinde 84 günläp gündizlik höküm sürer

Alyaskanyň Utkiagwik şäherinde «ýarym gije Gün» döwri başlandy. Indiki 84 günüň dowamynda Gün ol ýerde gije-gündizläp gözýetimiň ýokarsynda galar....

11.04.2026 10:28
4k+

Artemis II missiýasy tamamlandy: Aýa aýlanyp gaýdan «Orion» sag-aman Ýere gondy

NASA-nyň «Orion» kosmos gämisi «Artemis II» missiýasynyň ekipažy bilen Ýere sag-aman dolanyp geldi. Soňky 50 ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek adamlaryň gatnaşmagynda Aýa uçup, yzyna dolanylmagy bu......

09.04.2026 23:43
4k+

«Artemis II» missiýasynyň suratlary näme üçin jedel döretdi?

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde äleme ýol alan «Artemis II» ekipažy tarapyndan düşürilen Ýer şarynyň täze suratlary sosial torlarda birgiden jedellere sebäp boldy. Ýöne gowur turuzmaça-dä däl, hakykatdan hem......