Sotheby's: GFR-de 135 mln ýewro dünýäde iň gymmat awtoulag satyldy

  • 21.05.2022 07:25
  • 21k+

1955-nji ýylda goýberilen Mercedes-Benz 300 SLR awtoulagy GFR-de geçen bäsleşikli söwdasynda aňrybaş ýokary bahadan, ýagny 135 mln ýewro satyldy. Bu barada penşenbe güni Sotheby's söwda öýüniň guramaçylary habar berdiler.

Olaryň berýän maglumatyna görä, bäsleşikli söwda 5-nji maý güni Ştutgartda Mercedes-Benz muzeýinde geçipdir. Gymmada giden awtoulag owal-ahyr dünýäde satylan ulaglaryň içinde iň gymmady boldy — 90 mln ýewrodan geçen utuşly stawka 2018-nji ýylda 48,4 mln dollara satylan, 1962-nji ýylda goýberilen Ferrari 250  GTO-nyň rekordyndan ýokary boldy.  
Mercedes-Benz 300 SLR awtoulagy 1955-nji ýylda Rudolf Ulenhautyň ýolbaşçylygyndaky kompaniýanyň çapyşyk bölümi tarapyndan işlenip taýýarlanan iki prototipiň biridir hem-de awtoulag inženerçiliginiň we bezeginiň iň oňat nusgalarynyň biri hasaplanýar. Awtoulagyň tizligi takmynan 290 km/sag-a çenli artypdyr, bu bolsa ony öz döwrüniň iň çalt tizlikli awtoulagy edipdir. 
Guramaçylaryň habar berişlerine görä, düşen pul serişdeleri bütindünýä «Mercedes-Benz gaznasyny» döretmäge sarp ediler. Gazna daş-töwerek hakyndaky ylmyň çäklerinde ýaşlary bilim beriş we barlag-derňew talyp haklary bilen goldamaga niýetlenendir.


10.05.2026 21:39
3.6k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....

27.04.2026 11:35
2k+

Volkswagen ID. Unyx: nemes tehnologiýasy we hytaý dizaýny

Volkswagen kompaniýasy Hytaýyň Xpeng kompaniýasy bilen tehniki hyzmatdaşlykda döredilen ilkinji seriýaly ulagy — D. Unyx krossowerini satuwa çykardy. Hytaýly müşderileriň islegi esasynda dizaýnlaşdyrylan bu......

20.01.2026 13:20
10k+

Germaniýada benzinde işleýän Toyota we Lexus-larda hereketlendirijini uzakdan otlamak funksiýasy ýatyryldy

Germaniýada Toyota we Lexus markalarynyň mobil goşundylarynda hereketlendirijini uzak aralykdan otlamak funksiýasy öçürildi. Bu çäklendirme diňe benzin bilen işleýän awtoulaglara degişli bolup, Bild neşiriniň habaryna görä, üýtgeşme müňlerçe ulag eýesine täsir etdi...

18.12.2025 12:17
5.3k+

Volkswagen kompaniýasy 88 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek Germaniýadaky zawodyny ýapar

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijisi bolan Volkswagen kompaniýasy Drezdendäki zawodynda önümçiligi togtatmagy meýilleşdirýär diýip, "Financial Times" gazeti habar berýär. Bu kompaniýanyň 88 ýyllyk taryhynda Germaniýanyň çäginde önümçiligiň ilkinji gezek togtadylmagy bolar...