BMW täzelenen sedan we uniwersal 3-Series bilen tanyşdyrdy

  • 21.05.2022 07:21
  • 15k+

BMW kompaniýasy täzelenen sedany we uniwersal 3-Series-i köpçülige görkezdi. Durky täzelenenden soň awtoulaglaryň daş görnüşi üýtgedi, şeýle-de, täze opsiýa we salona eýe boldy. Täze görnüşli 3-Series-i Г görnüşli hodowoý yşyklar, täze bamperler bilen enjamlaşdyrdylar we radiatoryň dik lamelli gözenegini üýtgetdiler. Şeýle hem müşderilere goşmaça hrom elementli M Sport paketini, şeýle hem garaňkyradylan optikaly we gyzyl supportly M-tormozly M Sport Pro-ny hödürlärler. Ulagyň salonynda diagonaly 12,3 dýum bolan enjam paneli bilen multimediýa ulgamynyň ekranyny (14,9 dýum) birleşdirýän uly displeý peýda boldy.

Ulagda adaty KPP-nyň deregine transmissiýaly kiçeňräk dolandyryş selektory oturdylan. Täze ulag eýýäm başdan üç zonaly klimat-kontrol bilen enjamlaşdyrylan. Täze ulagyň önümçiligi Mýunhende we Meksikada ýola goýular. Germaniýada täzelenen BMW 3-Series-iň bahasy 43 900 ýewrodan başlaýar. Ilkinji ulaglar diler merkezlerine şu tomus barar.


09.05.2026 08:49
8.5k+

BMW 16 müň dollara üýtgeşik boýag döretdi: ýöne oňa boýalan awtoulagy ýuwalgada ýuwdurmak bolmaýar

BMW täzelenen 7 Series üçin täze Dual-Finish boýag örtügini hödürledi. Bu örtük awtoulaga ýokary hilli görnüş berýär, ýöne aýratyn idegi talap edýär we adaty ulag ýuwalgalarynda ýuwdurmak üçin amatly däl....

05.05.2026 09:00
4k+

BMW 7 Series 2027-niň fiziki düwmeleri aýrylyp, sensorly Panoramik iDrive ulgamy ulanylar

BMW kompaniýasy 7 Series 2027-niň täze neslinde iDrive kontrollýoryndan ýüz öwrüp, doly sensor ekranly interfeýslere geçýändigini resmi taýdan yglan etdi. Awtoulaglaryň sanlylaşdyrylmagynyň nyşanyna öwrülen bu......

04.05.2026 11:07
1.6k+

BMW Pekinde giňeldilen i3 we iX3 awtoulaglaryny görkezdi

BMW Pekin awtoulag sergisinde Hytaý bazary üçin ýörite döredilen i3 we iX3 elektrik awtoulaglarynyň görnüşlerini görkezdi. Esasy aýratynlyk, Ýewropa elektrik awtoulaglaryna garanyňda, ulaldylan tigir bazasydyr......

29.04.2026 22:25
5.1k+

Toyota kompaniýasy bZ seriýasynyň sedanlaryny we krossowerini görkezdi

2026-njy ýylyň Pekin awtosalonynda Ýaponiýanyň Toyota awtoulag kompaniýasy özüniň bZ hataryndan birbada dört sany elektromobili tanyşdyrdy: bZ3 sedanyny, bZ5 liftbegini, bZ3X krossowerini we täze flagman......