Aşgabatda Birleşen Arap Emirlikleriniň merhum Prezidentiniň belli gününe sadakalar berildi

  • 21.05.2022 07:17
  • 43k+

20-nji maýda Gökdepe metjidinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Birleşen Arap Emirlikleriniň merhum döwlet Baştutany Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň belli gününiň sadakasy berildi.

Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, hajy Arkadagymyz ir bilen Köşidäki metjide geldi. Bu ýerde BAE-niň merhum Prezidentiniň ýatan ýeriniň ýagty, jaýynyň jennet bolmagy dileg edilip, keramatly Gurhandan süreler okaldy. Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gökdepe metjidine geldi we bu ýerde geçirilýän sadaka gatnaşmak üçin gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen gürrüňdeş bolup, özüniň BAE-niň merhum Prezidentiniň aradan çykmagy zerarly geçirilen hatyra çärelerine gatnaşandygyny we ýurdumyzda Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň belli gününi geçirmek barada razylyk alandygyny aýdyp, şu gün merhumy hatyralap, sadakalaryň berilýändigini belledi.

Bu ýerde Türkmenistanyň müftüsi BAE-niň merhum Prezidentini ýatlap doga okady we Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykmagy zerarly geçirilen hatyra çärelerinde edilen doga-dilegleriň, berlen sadakalaryň Allatagalanyň dergähinde kabul bolmagyny, merhumyň jaýynyň jennet, ýatan ýeriniň ýagty bolmagyny dileg etdi. 

“Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykmagy diňe bir bu ýurduň halky üçin däl, dünýä jemgyýetçiligi üçin hem uly ýitgi boldy. Ol ýaşan manyly ömründe haýyrly we ynsanperwer işleri bitirdi. Tutuş yslam dünýäsinde öçmejek yz goýdy” diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady. Birleşen Arap Emirlikleriniň merhum Prezidentiniň paýtagtymyzdaky metjidiň, Döwletliler köşgüniň, «Ene mähri» hem-de Halkara iç keselleri merkezleriniň gurulmagynda, “Arçman” şypahanasynyň döwrebap ýagdaýa getirilmeginde, Maryda çagalar hassahanasynyň gurluşygynda, Marynyň Halkara howa menziliniň döwrebaplaşdyrylmagynda aýratyn uly tagallasy bar. Ol paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgüne yzygiderli haýyr-sahawat goldawlaryny berýärdi. Halkymyz hoşniýetli hyzmatdaşlygyň, dost-doganlygyň aýdyň nyşany bolan bu işleri hemişe ýagşylykda ýatlaýar.

Şol gün Köşidäki metjitde hem BAE-niň merhum Prezidentini hatyralap, sadaka berildi. Şol bir wagtyň özünde paýtagtymyzdaky BAE-niň ozalky Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň adyny göterýän Döwletliler köşgünde merhumy ýatlap, günortanlyk nahary berildi.


düýn 10:55
5.5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7.1k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.6k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.4k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......