Gurbanguly Berdimuhamedow Kazanda Prezident Rustam Minnihanow bilen gepleşikleri geçirdi

  • 20.05.2022 08:44
  • 11k+

19-njy maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşygy geçirildi. Gahryman Arkadagymyz Wolga Bulgariýasynyň yslamy kabul etmeginiň 1100 ýyllygyna bagyşlanan çärelere, “Russiýa — yslam dünýäsi: KazanSummit 2022” XIII halkara ykdysady sammitine hem-de “Russiýa — yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň her ýylky mejlisiniň hormatly myhmany hökmünde gatnaşmaga çakylygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Kazanda Russiýa Federasiýasynyň yslam dünýäsiniň ýurtlary bilen ykdysady gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gönükdirilen şeýle möhüm halkara çäreleriň geçirilmegi Tatarystanyň belent abraýynyň hem-de oňa dünýä bileleşiginiň uly gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şol bir wagtyň özünde bu çäreler COVID-19-dan soňky döwürde ýurtlaryň arasynda işewür hyzmatdaşlygy giňeltmegiň täze ýollaryny gözlemek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat eder. Şol döwürde dünýä bileleşigi ykdysady we durmuş taýdan dikeltmegi çaltlandyrmak babatda tagallalaryny birleşdirýär diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Şundan ugur alyp, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu saparynyň hem-de dürli meýdançalardaky geljekki duşuşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge saldamly goşant goşjakdygyna pugta ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagymyz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň hem-de Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.


şu gün 18:57
658

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
957

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
981

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
7.2k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......