Şu ýyl Türkmenistanda täze desgalaryň 52-si açylar

  • 20.05.2022 08:50
  • 15k+

Türkmenistanda şu ýyl önümçilik we durmuş maksatly iri desgalaryň 52-sini işe girizmek meýilleşdirilýär. Ýanwar — aprel aýlarynda düýpli maýa goýumlary özleşdirmäge bölünip berlen serişdeleriň 59 göterimi durmuş maksatly binalaryň, 41 göterimi önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdirildi. Bu barada Hökümetiň 19-njy maýda geçirilen mejlisinde wise-premýer M.Muhammedow hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer Ministrler Kabinetiniň 13-nji maýda geçirilen mejlisinde salgyt ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek hem-de Türkmenistanyň Salgyt kodeksine üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça hormatly Prezidentimiziň beren tabşyrygynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde alnyp barylýan seljeriş işleri barada maglumat berildi, şonuň netijeleri boýunça birnäçe teklipler taýýarlanyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýere Salgyt kodeksiniň maddalaryny ýene-de bir gezek düýpli seljermegi, üýtgetmeleri we goşmaçalary degişli düzümler bilen ylalaşmagy, doly işlenenden soňra Ministrler Kabinetine garamaga bermegi tabşyrdy.


düýn 10:07
2.6k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 14:40
2.3k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....

06.06.2026 11:47
8.7k+

Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar iýunyň ortasyna çenli ýatyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat —......

04.06.2026 18:42
5.4k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......