Nike 2020-nji ýyllary zenan sportunyň onýyllygy diýip yglan etmegi meýilleşdirýär

  • 18.05.2022 08:34
  • 6.3k+

Nike kompaniýasy häzirki onýyllygy zenan sportuna bagyşlamagy we bu meýilnamalary Naomi Osaka, Serena Uilýams, Megan Rapine ýaly ussat türgenler hem-de Billi Aýliş, Megan Ti Stallion ýaly aýdymçylar bilen bilelikde durmuşa geçirmek isleýär. Bu barada WWD habar berdi diýip, gazeta.ru belleýär. 

Nike Global Women’s-iň wise prezidenti we baş menejeri Uitni Malkil brendiň 50 ýyllygy mynasybetli WWD-a beren interwýusynda zenan sportuna bolan gyzyklanmanyň artýandygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, indi Nike diňe bir türgenlere hemaýatkärlik etmän, eýsem her bir adamy fitnes bilen meşgullanmaga we hemişe hereketde bolmaga çagyrýar. Şunuň bilen baglylykda, brend has inklýuziw zenan egin-eşikleriniň we aýakgaplarynyň kolleksiýalaryny taýýarlar.

Uitni Malkil öňde duran wezipeleriň biri hökmünde her bir zenanyň beden gurluşyna (syratyna) laýyk geljek dürli görnüşli stile laýyk we rahat egin-eşikleriň, şeýle-de geýimde dini talaplary berjaý edýän göwreli aýallar we gyzlar üçin zatlaryň önümçiligini belledi. 

“Biz beden formalaryny öwrenmek üçin köp pul sarp etdik, 70 müň beden skanerini geçirdik. Biz bedeniň gurluşy bilen ölçegiň özarabaglanyşygyny öwrenýäris” – diýip, Uitni Malkil aýdýar. Nike Global Women’s-iň baş menejeri kompaniýanyň eýýäm oňyn seslenmeleri alandygyny belledi. 


30.05.2025 12:19
5.1k+

Nike we LEGO ilkinji bilelikdäki krossowka modelini hödürledi

Nike we LEGO bilelikdäki kolleksiýasyndan ilkinji krossowka modelini – Air Max Dn-i hödürledi. Ol 2025-nji ýylyň awgustynda satuwa çykar diýip, Sneaker Bar Detroit habar berýär. Bu brendleriň döredijilik bilen işjeň durmuş ýörelgesini utgaşdyrmaga gönükdirilen köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ilkinji model boldy...

20.04.2025 23:32
4.1k+

Nike we Hyperice massažly krossowkalary satuwa çykardy

Nike we Hyperice kompaniýalary türgenler üçin niýetlenen, myşsalaryň türgenleşikden öň taýýarlanylmagyna we türgenleşikden soň çalt dikeldilmegine ýardam berýän ýokary tehnologiýaly Hyperboot krossowkalaryny satuwa çykarandyklaryny habar berdiler...

21.02.2025 19:46
5.7k+

NikeSKIMS: Nike we Kim Kardaşýan zenanlar üçin täze sport egin-eşik brendini döretdi

Nike kompaniýasy Kim Kardaşýanyň Skims brendi bilen hyzmatdaşlykda döredilen täze - NikeSKIMS sport egin-eşik brendini işe girizýär. «Zenanlary sporty söýmäge höweslendirer ýaly, şeýle-de olarda özlerine bolan...

30.08.2024 11:27
3.2k+

Nike Kobi Braýantyň hormatyna krossowka çykarýar

Nike amerikan kompaniýasy meşhur basketbolçy Kobi Braýanta bagyşlanan täze Kobe 8 Protro Lakers Home krossowkalaryny hödürledi. Krossowkalar 2024-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda 180 dollar bahasy bilen satuwa çykarylar...