Brand Finance 2022-nji ýylda dünýäniň iň güýçli nebitgaz brendleriniň sanawyny düzdi

  • 17.05.2022 14:22
  • 15k+

Brand Finance konsalting kompaniýasy 2022-nji ýylda dünýäniň iň kuwwatly nebitgaz brendleriniň sanawyny düzdi. Reýtingde birinji orny Malaýziýanyň Petronas kompaniýasy eýeledi. Onuň görkezijisi 87,7 punkt boldy. Ikinji orunda 87,4 punkt görkeziji bilen Russiýanyň “LUKOÝL” kompaniýasy ýerleşdi. Üçünji we dördünji orunlary Braziliýanyň Petrobras we Tailandyň PTT kompaniýalary eýeledi. Bäşligi 85,9 punkt görkeziji bilen “Gazprom” rus kompaniýasy jemleýär diýip, interfax.ru habar berýär.  

Brendiň güýji kompaniýa tarapyndan marketing maýa goýumlary, operasion netijeler, şeýle-de gyzyklanýan taraplar bilen gatnaşyklar (işgärlerden, üpjün edijilerden we paýdarlardan başlap, döwlet edaralaryna we jemgyýetçilik guramalaryna çenli) ýaly birnäçe görkeziji boýunça hasaplanýar.
Brand Finance-iň wersiýasyna görä, gymmat bahalylygy boýunça Shell britan-niderland kompaniýasy liderligi saklady. Brendiň bahasy $49,9 mlrd bilen bahalandyryldy, bu bolsa bir ýyl ozalkydan 18% köpdür. Ikinji orny hem Saudi Aramco saklady: onuň brendiniň bahasy 16% ýokarlanyp, $43,6 mlrd boldy.
Ilkinji bäşligiň galan kompaniýalarynyň arasynda üýtgeşme bolmady: üçünji orunda PetroChina ($29,7 mlrd), dördünji orunda Sinopec ($25,2 mlrd), bäşinji orunda BP Plc ($19 mlrd) ýerleşdi.
Petronas $13,6 mlrd görkeziji bilen sekizinji, Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasy (ADNOC) dokuzynjy orna ($12,8 mlrd) çykdy. Exxon Mobil amerikan kompaniýasy onunjy orna düşdi – onuň brendiniň bahasy $11,2 mlrd. 


20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......