Birleşen Arap Emirliklerinde täze Prezident saýlandy

  • 15.05.2022 16:22
  • 38k+

Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasy Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýan Birleşen Arap Emirlikleriniň täze Prezidenti saýlanyldy diýip, WAM agentligi habar berýär.

BAE-niň Prezidentlik işleri ministrliginiň habar bermegine görä, ol ýurduň Konstitusiýasynyň 51-nji maddasyna laýyklykda, bu wezipä biragyzdan saýlanyldy.
Öň habar berlişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Prezidenti Halifa ben Zaýed Al Nahaýýan uzak dowam eden keselden soň, 73 ýaşynda aradan çykdy.
Halifa ben Zaýed Al Nahaýýan 2004-nji ýyldan bäri Prezidenti wezipesinde oturýardy. Şol bir wagtyň özünde ol Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Ýokary Serkerdebaşysy wezipesini eýeleýärdi.
Soňky ýyllarda Prezident döwleti dolandyrmaklygy Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasy Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýana tabşyryp, döwlet işleri bilen asla meşgullanmmaýar diýen ýalydy.

BAE-niň Prezidentiniň aradan çykmagy mynasybetli ýurtda 40 gün matam yglan edildi.


29.04.2026 16:01
2.1k+

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....

25.04.2026 16:03
3.5k+

Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi Kuweýtde-de ilçi bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (BAE) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Baýram Akmyradowiç Baýramow, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki ilçisi wezipesine bellenildi....

05.02.2026 13:15
2.5k+

Raşid Meredow BAE-niň wise-prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

4-nji fewralda Abu-Dabide Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy...

04.02.2026 13:14
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy BAE-däki kärdeşi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek barada maslahatlaşdy

3-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Dubaýa saparynyň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyk geçirdi...