BAE-niň Prezidenti Halifa ben Zaid Al Nahaýýan 73 ýaşynda aradan çykdy

  • 13.05.2022 17:20
  • 21k+

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Prezidenti Halifa ben Zaid Al Nahaýýan 73 ýaşynda aradan çykdy.

Bu barada anna güni WAM habarlar agentligi habar berdi.

"Prezidentiň işleri boýunça ministrlik BAE-niň halkyna, arap we yslam milletlerine hem-de tutuş dünýä şu gün, 13-nji maýda milletiň lideriniň, onuň howandarynyň, Onuň Alyhezretleri şeýh Halifa ben Zaid Al Nahaýýanyň aradan çykandygyny habar berýär" - diýlip habarda aýdylýar.

Ýurtda matam yglan edildi. Beýanata görä, ol 40 gün dowam eder. Bu döwürde döwlet baýdaklary aşak düşüriler. Ähli ministrlikler, döwlet edaralary we hususy toplumyň kärhanalary üç günlük işini bes edýär.


18.08.2025 10:05
1.4k+

Türkmenistan we BAE hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Birleşen Arap Emirlikleriniň ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al-Hameli bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we mundan beýläk hem ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem yzygiderli dialogy dowam etdirmegiň ähmiýetini bellediler...

16.07.2025 06:54
4.3k+

Türkmenistanyň DIM-nde BAE-niň ilçisi bilen Awazadaky halkara maslahata taýýarlyk maslahatlaşyldy

15-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al-Haý Hamad Hamis Al-Hameli bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär...

08.07.2025 09:53
7.2k+

BAE-niň Hökümeti TON kriptowalýutasyny alanlara "altyn wiza" beriljekdigi baradaky habary ret etdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümeti Toncoin kriptowalýutasyny 100 müň dollar möçberinde steýking etmek (şol kriptowalýutanyň hasabyna şol möçberde pul goýmak) we 35 müň dollar komissiýa tölemek arkaly "altyn wiza" almak mümkinçiligi baradaky TON Foundation tarapyndan ýaýradylan habarlaryň hakykata laýyk däldigini mälim etdi...

07.07.2025 11:28
3.7k+

BAE TONcoin-a maýa goýýanlara 10 ýyllyk "altyn wizalary" berip başlady

Birleşen Arap Emirlikleri Toncoin blokçeýn platformasy bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýän täze maksatnama arkaly on ýyllyk altyn wiza almak mümkinçiligini hödürledi. Wiza almak üçin ýüz tutýan adam üç ýyl möhlet bilen azyndan 100 müň dollary TON belgilerine goýmaly...