BAE-niň Prezidenti Halifa ben Zaid Al Nahaýýan 73 ýaşynda aradan çykdy

  • 13.05.2022 17:20
  • 21k+

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Prezidenti Halifa ben Zaid Al Nahaýýan 73 ýaşynda aradan çykdy.

Bu barada anna güni WAM habarlar agentligi habar berdi.

"Prezidentiň işleri boýunça ministrlik BAE-niň halkyna, arap we yslam milletlerine hem-de tutuş dünýä şu gün, 13-nji maýda milletiň lideriniň, onuň howandarynyň, Onuň Alyhezretleri şeýh Halifa ben Zaid Al Nahaýýanyň aradan çykandygyny habar berýär" - diýlip habarda aýdylýar.

Ýurtda matam yglan edildi. Beýanata görä, ol 40 gün dowam eder. Bu döwürde döwlet baýdaklary aşak düşüriler. Ähli ministrlikler, döwlet edaralary we hususy toplumyň kärhanalary üç günlük işini bes edýär.


29.04.2026 16:01
2.1k+

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....

25.04.2026 16:03
3.5k+

Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi Kuweýtde-de ilçi bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (BAE) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Baýram Akmyradowiç Baýramow, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki ilçisi wezipesine bellenildi....

05.02.2026 13:15
2.5k+

Raşid Meredow BAE-niň wise-prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

4-nji fewralda Abu-Dabide Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy...

04.02.2026 13:14
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy BAE-däki kärdeşi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek barada maslahatlaşdy

3-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Dubaýa saparynyň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyk geçirdi...