Türkiýede ýurduň 58-nji howa menzili açylýar

  • 14.05.2022 13:43
  • 18k+

14-nji maýda, şenbe güni Türkiýäniň demirgazyk-gündogarynda ýurduň 58-nji howa menziliniň açylyşy bolar diýip, Anadolu habar berýär.

Rize-Artwin diýlip atlandyrylan howa menziliniň açylyş dabarasyna Prezident Rejep Taýyp Ärdogan gatnaşar.
Umumy meýdany 3 mln inedördül metr bolan täze howa menzili Pazar etrabynda - Rize şäherinden 34 km, Hopadan 54 km we Artwinden 125 km uzaklykda ýerleşýär.
Howa menziliniň ini 45 m, uzynlygy 3 km bolan uçuş-gonuş zolagy uzynlygy boýunça ýurtda deňiz gumunyň düşeginde gurlan  ikinji zolakdyr.
Rize-Artwin ýylda 3 mln töweregi ýolagça hyzmat eder.
Howa menziliniň girelgesi çaý ýapragynyň şekilinde, dispetçer diňi bolsa çaý bulgurynyň şekilinde gurlandyr. Bu Türkiýäniň Gara deňiz zolagynyň bu böleginiň ýaşaýjylarynyň esasy girdeji çeşmesi bolan çaý işine goýulýan hormatdan nyşandyr.
Howa menziliniň ýapyk böleginiň meýdany 47 müň inedördül metr. Uçar menziliniň ulag duralgasy 448 ulaga niýetlenendir.  Menziliň çäginde açylan Çaýkur muzeýinde gyzyklanýanlara türk çaýynyň peýdasy barada gürrüň berler. Hut şu ýerde çaklaňça çaý fabrigi hem hereket eder.
Türkiýäniň Hökümetiniň karary bilen Rize-Artwin howa menziline halkara derejesi berildi.


14.01.2026 12:00
4.9k+

Izmirde "Süleýmanyň düwni" bilen bezelen gadymy mozaikaly zal tapyldy

Türkiýäniň Izmir şäherinde gadymy Smirnanyň çäginde arheologlar takmynan 1 600 ýyl mundan ozalky döwre degişli bolan we gowy saklanyp galan mozaikaly zaly ýüze çykardylar. "Interesting Engineering" neşiriniň "The Archaeologist" žurnalyna salgylanyp bermegine görä, bu zal "Süleýmanyň düwni" atly geometrik nagyş bilen bezelipdir...

13.01.2026 10:52
7.4k+

Mermer deňzinde 51 ýyl ozal heläkçilige uçran uçaryň bölekleri tapyldy

Mermer deňzinde 51 ýyl ozal heläkçilige uçran uçaryň kabinasy tapyldy. Türkiýeli bloger we gözlegçi Nedim Kuru deňiz düýbünde 1975-nji ýylda heläkçiligi başdan geçiren Turkish Airlines-yň ýolagçy uçarynyň böleklerini tapdy diýip, NTV teleýaýlymy habar berýär...

14.11.2025 19:20
6.6k+

Saragt Babaýew we Gahryman Goçmyradow Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň agzalary boldular

Stambulda «Beýik sähraň ruhy», «Türki dünýäniň suratkeşleri Çingiz Aýtmatowy hormatlaýarlar» atly halkara çeperçilik sergisiniň çäklerinde Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň baýraklaryny gowşurmak dabarasy boldy...

13.11.2025 19:06
5.7k+

Türkiýede 8000 ýyllyk gaýa suratlary tapyldy

Türkiýäniň Erjiýes dagynyň etegindäki Deweli sebitinde arheologlar, takmynan, 8000 ýyllyk gaýa suratlaryny tapdylar diýip, Kaýseri welaýatynyň Medeniýet we syýahatçylyk müdirliginiň portaly habar berdi. «Bu gaýa ýazgylary — adam hyýalynyň iň irki ýüze çykan nyşanlaryndan biridir...