OPEK 2022-nji ýylda dünýäde nebite islegiň ösüşi baradaky çaklamasyny peseltdi

  • 13.05.2022 16:44
  • 4k+

OPEK Gündogar Ýewropadaky geosyýasy ýagdaýlar we pandemiýa çäklendirmeleri sebäpli, 2022-nji ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüşi baradaky çaklamasyny 0,3 mln b/g, ýagny 3,4 mln b/g çenli peseltdi. Bu barada guramanyň maý aýyndaky hasabatynda aýdylýar diýip, TASS belleýär.

OPEK-iň çaklamasyna görä, ikinji çärýekde nebite bolan islegiň ösüşi birinji çärýekdäki 5,2 mln b/g bilen deňeşdirilende 2,8 mln b/g çenli peseler. “2022-nji ýylda islege Gündogar Ýewropada dowam edýän geosyýasy wakalar we COVID-19 çäklendirmeleri täsirini ýetirer diýlip çaklanylýar” – diýip, gurama belleýär.
OPEK 2022-nji ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüş depgini 3,5%-e çenli (aprel aýynda çaklama 3,9%) peseler diýip hasaplaýar. 
Deslapky maglumatlara görä, 2022-nji ýylyň mart aýynda YHÖG-niň ýurtlarynyň täjirçilik nebit gorlary 10,1 mln barrel ýokarlanyp, 2,621 mlrd barrele ýetdi. Bu bir ýyl ozalkydan 298 mln barrel we bäş ýyllyk ortaça derejeden 304 mln barrel pesdir. Şol bir wagtyň özünde nebitiň öz gory 12,9 mln barrel ýokarlandy, nebit önümleriniň galyndylary bolsa 2,8 mln barrel azaldy.


20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......