Matwiýenko Putiniň adyndan Türkmenistanyň Prezidentini Russiýa gelip görmäge çagyrdy

  • 13.05.2022 09:27
  • 27k+

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Russiýa gelip görmäge çagyrdy.

Federasiýa Geňeşiniň Başlygy şeýle hem Serdar Berdimuhamedowy döwlet Baştutany wezipesine saýlanmagy bilen gutlady.
Matwiýenkonyň belleýşi ýaly, rus wekiliýetiniň türkmen-russiýa diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllyk senesinde Türkmenistana gelmegi aýratyn şanly wakadyr. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlarda ýokary depginlerde ösdürilýändigi bellenildi.
2021-nji ýylda özara haryt dolanyşygynyň möçberiniň az-kem peselmegi bellige alynsa-da, şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda onuň depgini 74% artdy. Russiýanyň sebitleri hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýärler diýip, Matwiýenko belledi.
Federasiýa Geňeşiniň Başlygy şeýle hem Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň ýokary guramaçylyk derejesini belledi.


düýn 19:38
2.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......