Kosta-Rikanyň täze prezidenti wezipesine girişdi

  • 09.05.2022 13:39
  • 6.9k+

Rodrigo Çawes ýekşenbe güni Kosta-Rikanyň prezidenti wezipesine girişdi, ol bu wezipede Karlos Alwaradonyň ornuna geçdi. Dabara respublikanyň parlamentinde geçirilip, oňa dürli ýurtlardan we halkara guramalaryndan 100-e golaý wekiliýet çagyryldy diýip, TASS habar berýär.

Täze prezidentiň koronawirus pandemiýasynyň ýaramaz täsirini başdan geçiren ykdysadyýetiň ösüşine aýratyn üns bermegine garaşylýar. Resmi maglumatlara görä, häzirki wagtda 5 milliona golaý ilaty bolan ýurtda ýaşaýjylaryň, takmynan, 23%-i garyplygyň serhedinden aňyrda dur, işsizligiň derejesi bolsa 13,5%-den geçýär.

Bilimi boýunça ykdysatçy bolan 60 ýaşly prezident ömrüniň ýarysyny diýen ýaly Bütindünýä bankynda işläp geçirdi. 2019-njy ýylda ol watanyna gaýdyp geldi we güýzüň ahyrynda Alwaradonyň hökümetinde Maliýe ministri boldy. 2020-nji ýylyň maý aýynda bolsa wezipesinden çekildi.

2021-nji ýylyň tomsunda Çawes merkezi “Sosial-demokratik ösüş” partiýasyndan prezident wezipesine hödürlenendigini habar berdi. Şu ýylyň 6-njy fewralynda geçirilen saýlawlaryň birinji tapgyrynda ol “Milli azat ediş” partiýasynyň wekili Hose Figeresden ýeňildi, ýöne 3-nji aprelde 52,86% ses bilen ikinji tapgyrda ýeňiş gazandy. Kampaniýanyň dowamynda Çawes täze iş orunlaryny döretmäge, goşmaça maýa goýumlary çekmäge, korrupsiýa bilen göreşmäge we sosial çykdajylaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga wada berdi.

Kosta-Rika – prezident respublikasy. Döwlet baştutany ministrleri we beýleki döwlet edaralarynyň ýolbaşçylaryny belleýär, kanunlara gol çekýär we olary gaýtadan garamak üçin bir palataly parlamente yzyna berýär. Prezidentiň ygtyýarlyk möhleti dört ýyl bilen çäklendirilýär.


16.03.2025 22:08
9.6k+

IQAir iň arassa we hapa howaly ýurtlary atlandyrdy

Dünýädäki şäherleriň diňe 17%-i howanyň hil kadasyna laýyk gelýär. Bu barada Şweýsariýanyň howa hiline gözegçilik boýunça guramasy IQAir-iň hasabatynda aýdylýar. Hünärmenler 138 ýurtda 40 müň gözegçilik stansiýasyndan...

05.04.2022 13:00
6k+

Kosto-Rikanyň prezident saýlawlarynda ozalky maliýe ministri Çawes ýeňiş gazandy

Kosta-Rikada geçen prezident saýlawlarynyň býulletenleriniň 95,93%-i saýhallanandan soňky netije boýunça ozalky maliýe ministri Rodrigo Çawes ýeňiş gazandy. Ol saýlawçylaryň 52,86% sesini aldy diýip, TeleSur teleýaýlymy...

düýn 23:16
7k+

Tramp Ak tamda Ronalduny kabul etdi we ony ähli döwrüň iň beýik oýunçysy diýip atlandyrdy

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu hormatly myhman hökmünde Ak tama bardy we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň maşgalasy bilen tanyşdy diýip, ESPN habar berýär. Sişenbe güni Tramp Waşingtonda Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Muhammed bin Salmany kabul etdi...

düýn 11:39
754

Raşid Meredow Belarusyň we Keniýanyň daşary işler ministrleri bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirdi

18-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Keniýa Respublikasynyň daşary işler we diaspora işleri boýunça ministri Musaliýa Mudawadi hem-de Belarus Respublikasynyň daşary işler ministri Maksim Ryženkow bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi...