Kosto-Rikanyň prezident saýlawlarynda ozalky maliýe ministri Çawes ýeňiş gazandy

  • 05.04.2022 13:00
  • 6.1k+

Kosta-Rikada geçen prezident saýlawlarynyň býulletenleriniň 95,93%-i saýhallanandan soňky netije boýunça ozalky maliýe ministri Rodrigo Çawes ýeňiş gazandy. Ol saýlawçylaryň 52,86% sesini aldy diýip, TeleSur teleýaýlymy habar berýär. Ikinji tapgyrda oňa öňki prezident Hose Mariýa Figeresden öňe geçmek başartdy.

Rodrigo Çawes 2019-2020 ýyllar aralygynda maliýe ministriniň wezipesini eýeledi. Ol Sosial-demokratik ösüşiň sagçysentristik partiýasyndan dalaşgärlige hödürlenipdi. 
Hose Mariýa Figeres 1994-1998 ýyllarda ýurda baştutanlyk edipdi, ol Milli azat edişiň sentristik partiýasyndan hödürlenipdi. Birinji tapgyrda olar degişlilikde 16,78% we 27,28% ses gazandylar.
Ikinji tapgyrda ses bermek 3-nji aprelde geçdi. Deslapky maglumatlara görä, saýlawa saýlawçylaryň 57,33%-i geldi. Saýlawlaryň ýeňijisi öz wezipesine dört ýyllyk möhlet bilen (2022-2026) 8-nji maýda girişer. Jenap Figeres saýlawlarda öz ýeňlişini boýun aldy we bäsdeşini ýeňşi bilen gutlady.
Kosta-Rikanyň häzirki prezidenti Karlos Alwarado eýýäm saýlanan prezidente öz gutlagyny ýetirdi. Rodrigo Çawesiň wezipä girişmek dabarasyny 8-nji maýda geçirmek bellendi.


07.04.2026 21:02
2k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......

01.04.2026 19:38
6.7k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......

16.03.2026 14:21
2.7k+

Gazagystanda täze Konstitusiýa boýunça geçirilen referendumyň deslapky netijeleri mälim edildi

Gazagystan Respublikasynyň Merkezi referendum komissiýasy ýurduň täze Konstitusiýasyny kabul etmek boýunça geçirilen ses berişligiň deslapky netijelerini yglan etdi. Bu barada Tengrinews.kz neşiri habar berýär...

12.03.2026 11:32
2.6k+

Hose Antonio Kast Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi

Hose Antonio Kast resmi taýdan Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi. Walparaiso şäherindäki Kongres binasynda geçirilen kasam kabul ediş dabarasy Meganoticias teleýaýlymy arkaly göni efirde görkezildi. Täze prezident...