IQAir iň arassa we hapa howaly ýurtlary atlandyrdy

  • 16.03.2025 22:08
  • 9.5k+

Dünýädäki şäherleriň diňe 17%-i howanyň hil kadasyna laýyk gelýär. Bu barada Şweýsariýanyň howa hiline gözegçilik boýunça guramasy IQAir-iň hasabatynda aýdylýar.

Hünärmenler 138 ýurtda 40 müň gözegçilik stansiýasyndan alnan maglumatlary seljerdi. Reýting üçin hapalaýjy maddalaryň konsentrasiýasynyň ortaça ýyllyk görkezijileri ulanyldy.
Iň arassa howaly ýurtlaryň sanawyna Awstraliýa, Täze Zelandiýa, Estoniýa, Grenlandiýa, şeýle-de Mawrikiý, Islandiýa we Gawaýi (ABŞ) ýaly ada döwletleri girdi.

“Diňe 12 ýurtda, sebitde we çäkde PM2.5 konsentrasiýasy BSGG-niň 5 mkg/m3 ýyllyk görkezijisinden pes boldy. Olaryň köpüsi Latyn Amerikasynda, Karib basseýninde we Okeaniýada ýerleşýär” – diýlip, hasabatda bellenilýär.

Oňyn tendensiýa Hytaýda hem hasaba alynýar, ol ýerde-de howanyň hili gowulaşdy diýip, hünärmenler belleýär.
Şol bir wagtyň özünde, iň hapa howaly ýurtlar Çad, Kongo, Bangladeş, Pakistan we Hindistan boldy. Soňkusynda dünýäniň iň hapa dokuz şäheriniň altysy, şol sanda reýtingiň lideri – Birnihat senagat şäheri ýerleşýär.

“Howanyň hapalanmagy bizi birbada öldürmeýär – eger ol has güýçli bolmasa, biz onuň täsirini duýýançak, onlarça ýyl geçýär” – diýip, The Guardian gazeti bilen söhbetdeşlikde IQAir-iň baş direktory Frenk Hemmes gürrüň berdi.

Hünärmenler hapalanmanyň hakyky derejesiniň ýokary bolup biljekdigini, sebäbi köp sebitlerde gözegçiligiň ýokdugyny belleýär. Afrikada 3,7 mln adama bir monitoring stansiýasy düşýär. Ýagdaýy gowulaşdyrmak üçin şu ýyl müňe golaý täze howa hiliniň monitorlary oturdyldy.
BSGG-niň maglumatlaryna görä, hapa howa her ýyl 7 mln adamyň ölümine sebäp bolýar.


08.07.2025 09:53
7.2k+

BAE-niň Hökümeti TON kriptowalýutasyny alanlara "altyn wiza" beriljekdigi baradaky habary ret etdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümeti Toncoin kriptowalýutasyny 100 müň dollar möçberinde steýking etmek (şol kriptowalýutanyň hasabyna şol möçberde pul goýmak) we 35 müň dollar komissiýa tölemek arkaly "altyn wiza" almak mümkinçiligi baradaky TON Foundation tarapyndan ýaýradylan habarlaryň hakykata laýyk däldigini mälim etdi...

07.07.2025 11:28
3.8k+

BAE TONcoin-a maýa goýýanlara 10 ýyllyk "altyn wizalary" berip başlady

Birleşen Arap Emirlikleri Toncoin blokçeýn platformasy bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýän täze maksatnama arkaly on ýyllyk altyn wiza almak mümkinçiligini hödürledi. Wiza almak üçin ýüz tutýan adam üç ýyl möhlet bilen azyndan 100 müň dollary TON belgilerine goýmaly...

02.05.2025 16:31
17k+

Serdar Berdimuhamedow Balkanabat Halkara howa menzilini açdy

Şu gün, 2-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär. Sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen Halkara howa menziliniň ýolagçy terminaly 3 gatdan ybarat bolup, tutýan meýdany 5 müň 203 inedördül metre deňdir...

28.04.2025 18:11
2.5k+

Erzurumda Türkmenistanyň gatnaşmagynda YHG-nyň çäklerinde syýahatçylygy ösdürmek maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2025-nji ýylyň 25–26-njy aprelinde Türkiýäniň Erzurum şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ECO) syýahatçylyk boýunça 6-njy ministrler maslahatyna gatnaşdy...