HAKYDALARDAN ÖÇMEJEK HATYRALAR

  • 09.05.2022 13:13
  • 18k+
HAKYDALARDAN ÖÇMEJEK HATYRALAR

Durmuşda bolýan her bir waka hakydalara siňýär, ýöne hakydalara siňen her bir zatda hatyra, sarpa bolmaýar. Hatyrasy ýürekden we beýikden tutulýan seneleriň biri hem 1941-1945-nji ýyllardaky Beýik Watançylyk urşunda gazanylan beýik Ýeňişdir.

Dünýäniň geljekki ykbalyny özgerden bu ýeňişden bäri ýetmiş ýedi ýyl geçipdir. Ýetmiş ýedi ýyl mundan ozalky dört-bäş ýylyň howpy-harasady, gamy-gowgasy ýatlansa welin, henizlerem iniňi tikenekledýär. Ýogsam, wagt geçdigi saýy ýürekler düşüşip, aglaba halatda, hasratly günleriň ajy kyssasy kem-kem unudylaýjak ýaly. Emma bu ýyllaryň wakasy henizem aňlarda, düşünjelerde şol ter-tämizligine saklanýar. Çünki bu söweşde gahryman-gerçeklerimiz, edermen pederlerimiz adamzady halas etmeklige bimöçber uly goşant goşdular. Olar biziň we ýene birnäçe halklaryň barlygy, diriligi, dowamaty üçin janlaryny gurban etdiler, gyzgyn güllelerden, gözüňi awadýan tüsselerden çekinmän, jeň meýdanynda edermenlik görkezdiler. Gowgasy bilen dünýäleri sarsdyran, geljege ybrat we nusga bolan bu uruş hatyralardanam, hakydalardanam aýrylmaz. Söweş meýdanynyň nähilidigine uzakda gezibem akylyň çatyp durka, Watan üçin, nesil-nebere, halk, millet üçin aýaga galmaklyk beýiklikden nyşan. Bu türkmenleriň doga ruhubelent, merdana, garadangaýtmaz halk bolanlygynyň güwäsi. Bir gysym topragyny, bir çümmük ojak duzuny, gazma dutaryny, merdanalyga we Watanperwerlige ruhlandyrýan «Görogly» kitabyny hem ýanlaryna alan pederlerimiz, halk sazlary bilen dogduk illerini ýatlap, has gylaw, gaýrat tapar ekenler. Türkmenleriň görkezen edermenligi, söweş meýdanynda galdyran yzy, taryh kitabyna girizen gahrymançylygy eždat-pederlerimiziň beýikliginiň üznüksiz dowamaty bolup görünýär.

Söweşiň ilkinji günlerinden başlap, Watan gahrymany diýen belent ada mynasyp bolanlaryň arasynda hut türkmen gerçekleri bar. Hazaryň aňry kenaryndan başlap, Ýewropanyň dürli ýakalarynda, belki, ähli ýerlerinde diýen ýaly ýa-ha türkmeniň yzyny, ýa-da türkmen gerçeginiň gül desseleri goýlan mazaryny tapyp bolýar. Olar diňe bir Watany däl, tutuş adamzadyň geljegini goradylar.  Şol ýyllaryň diňe ýazga geçirilen taryhynda türkmenleriň 13 sany döwleti faşizmden azat etmäge gatnaşandygy, garadangaýtmaz türkmenleriň Ukrainanyň, Belarusyň we Ýewropanyň beýleki birnäçe ýurtlarynyň partizan toparlary bilen möhüm çäreleri amala aşyrandygy nygtalýar.

1941-nji ýylyň güýzünde Türkmenistanda birnäçe milli goşun birikmeleri döredildi. 87-nji aýratyn türkmen atyjylyk brigadasy, 88-nji türkmen atçylyk diwiziýasy, 97-nji türkmen atçylyk diwiziýasy, 98-nji aýratyn türkmen atyjylyk brigadasy jeň meýdanynda hem türkmeniň nähili merdana halkdygyny dünýä görkezdi. Aşgabatdan ugran bu goşun birikmeleri söweşjeň ýollary geçip, Berline çenli baryp ýetdiler.

Söweş meýdanyndaky pederlerimiziň gahrymançylykly ýollary nesillerimiziň watançylyk terbiýesiniň gönezligi. Uruş döwründe tylda zähmet çeken enelerimiziň edermenligini hem söz bilen beýan eder ýaly däl. Şol döwürleriň kinohronikasyna tomaşa edenimizde, türkmen gelin-gyzlarynyň altyn-kümüşden ýasalan gymmatbaha şaý-sepleriniň ählisini diýen ýaly fronta kömek üçin tabşyrýandygyny görmek bolýar. Ýogsamam, fronta kömek diýip, gymmatbaha şaý-seplerini iň köp tabşyran halkyň türkmen halkydygyna arhiw materiallary şaýat. Çünki türkmenler ýurt asudalygyna, Watan gymmatlygyna, dolup duran maşgala ojagyna uly sarpa goýýar. Bu mukaddeslik üçin hany-manyndan, baýlygyndan-malyndan geçmäge taýýar. Gidenler sag dolansa, ýurdumyz aman-esen bolsa, bar zatdan ezizdi. Owalda-ahyrda türkmeniň gözünde şondan uly baýlyk hem, bagt hem ýok. Gije-gündiz diýmän, epgek-aňzaga dözüp, zähmet çeken enelerimiz öz ýarlaryna we Watana wepalydyklarynyň belent nusgasyna öwrüldiler.

Taryh kitaplaryndan, arhiw materiallaryndan söweş ýyllarynda frontda we tylda görkezilen gahrymançylyklar, gaýratlar hakda henizem täze maglumatlar tapylyp dur. Ýöne, adam ömrüniň ähli pursadynyň, ähli ädiminiň hasaba, ýazga alynmaýandygyny ýadymyza salsak, onda arhiwlere girmedik ýene ýüz-müňlerçe gahrymançylyk kyssasynyň bolandygyny göz öňüne getiräýmeli. Nesil-neberesinden bu söweşe gatnaşmadyk birje türkmen öýi ýokdur.

Häzirki bagtyýar döwrümizde milli buýsanjy artdyrýan, halk mertebesini dabaralandyrýan her bir işe, amala, bitirlen borja  uly sarpa goýulýar. Biziň şu bagtyýar günlere ýetmegimiz üçin söweşen pederlerimiziň, tylda zähmet çeken enelerimiziň öňündäki borjumyzy duýmak Watanyň öňündäki borjumyzyň bir ülüşi bolup durýar. Olaryň öz wagtynda şu günki nesil üçin geren  döşleri, görkezen gahrymançylyklary biziň döwrüň we geljegiň öňündäki möhüm borçlarymyzy pugta ýadymyza salýar. 

Bu bagtyýar zamanamyzda Beýik Watançylyk urşunda gahrymanlyk görkezen, Watan diýip ýola çykan atalarymyza we olaryň ojagyny saklan mähriban enelerimize goýulýan sarpa, edilýän hormat-sylag  örän beýik. Olaryň ýaşaýyş durmuşy, hal-ýagdaýy hiç wagt üns merkezinden düşürilenok.   Olar biziň ata-baba asyl we arassa akabadan çogup çykýan duýgularymyza has terlik, röwşenlik we ruhubelentlik çaýýarlar. Şeýdip, atalardan nesillere geçýän watançylyk pentleri ömür dessanlaryna öwrülip, milletiň mizemezligine öz goşandyny goşýarlar.

Ýene-de ýyllar geçer, asyrlar aýlanar, ýöne welin Watan üçin söweşen gerçekler hiç wagt unudylmaz. Çünki barlygymyz, bakylygymyz, diriligimiz, dowamatymyz Watan bilen.  Watan üçin bitirilen her bir iş, amal, hyzmat bolsa hatyrasy hakydalardan öçmeýän gymmatlykdyr.

TMCARS.INFO ähli ildeşlerimizi 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni — Ýeňiş baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýar. Maşgala ojaklarymyzda, ýurdumyzda, dünýä ýüzünde hemişe parahatçylygyň, agzybirligiň, abadançylygyň hem-de arkalaşygyň rowaç bolmagyny arzuw edýär. Uly hormat bilen hatyralanylýan Ýeňiş güni ýagşylygyň, ýagtylygyň hem-de umydyň nyşany bolup, hakydalarymyza hemişelik siňsin!


şu gün 12:19
3.1k+

Gyş paslynyň garagyş döwri başlandy

22-nji noýabrda, gyş paslynyň öň ýanyndan, türkmen milli aý-gün senenamasy boýunça garagyş döwri başlandy. Bu döwür 15 günläp dowam edip, 7-nji dekabrda tamamlanar diýip, “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär...

şu gün 09:52
5.8k+

Türkmenistan Täze ýyla taýýarlanyp başlady. 15-nji dekabrda Baş arçanyň yşyklary ýakylar

Prezident Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görmek bilen bagly Aşgabatda bezeg, Täze ýyl arçalaryny bezemek işlerini ýokary hilli ýerine ýetirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Anna güni geçirilen Hökümet...

düýn 16:05
3.2k+

“Arkaç” kinoteatrynda görkeziljek filmler we multfilmler

“Arkaç” kinoteatry 25-nji noýabra çenli Zal 1 ·15:00 – “Ýetimler öýi. Arwahlaryň pyşyrdysy” (Приют. Шёпот призраков; detektiw/elhençlik, Kamboja, 2024) ·17:00 – “Ajalyň ýolbeledi” (Проводник смерти; triller, ABŞ...

düýn 08:04
2k+

22–23-nji noýabrda Aşgabatda Koreýa Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy 22-nji we 23-nji noýabrda Aşgabatda Koreýanyň Medeniýet günleriniň geçirilýändigini habar berdi. 22-nji noýabrda Aşgabadyň ähli ýaşaýjylary we myhmanlary üçin...