Germaniýanyň banklary kriptowalýutany satmak we satyn almak hyzmatlary hödürläp ugrady

  • 04.05.2022 12:51
  • 9.2k+

Giňişleýin öwrenmek we synag etmek döwründen soň, Raiffeisen Volksbank Bayern Mitte nemes banky müşderileriň bitkoinleriniň ýönekeý we ýokary goragly saklawhanasy hökmünde öz müşderilerine resmi görnüşde Awstriýanyň Döwlet Çaphanasynyň (Austrian State Printing House/OSD) «chainlock» gapjyklaryny hödürläp ugrady.

Nemes bankynyň ähli müşderileri bitkoinleri gönüden-göni onlaýn-bankingiň üsti bilen satyn alyp ýa-da satyp bilerler. Şeýle-de, süýşürintgileri ygtybarly saklamak üçin  bank «VR-BitcoinGoCard» atlandyrylýan çözgüdi hödürleýär.

«Biziň sowuk gapjygymyz adaty karz karty görnüşinde bolup, awstriýa pasportlarynyň, sürüjilik şahadatnamalarynyň we beýleki howpsuzlygy ýokarlandyrylan resminamalaryň taýýarlanýan ýeri ýaly, OSD-nyň howpsuzlygy ýokarlandyrylan ýörite goragly zonalarda taýýarlanylýar» diýip, OSD Lukas Pramlyň dolandyryjy direktory düşündirýär.

Mundan başga-da, karta resmi hatlarda, şahsyýetiňi tassyklaýan pasportlarda ýa-da sürüjilik şahadatnamalarynda hem ulanylýan ençeme howpsuzlyk tilsimlerine daýanýar.
Her bir sowuk gapjyk, gologrammalardan, şekiliň optiki üýtgeýän elementlerinden (“DOVID”) we mikromöhürlerden başga-da, UB-möhürler bilen hem goralandyr we  ýokary derejedäki howpsuzlygyň ýörite gorag gatlagy bilen üpjün edilendigi sebäpli fiziki täsirlere durnuklydyr.


22.02.2026 12:31
6.6k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Germaniýada iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a saparyny tamamlap, Germaniýa Respublikasyna bardy we bu ýerde degişli ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada TDH habar berýär...

12.02.2026 15:05
2k+

Türkmenistanyň wekilleri germaniýaly işewürler bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

11-nji fewralda Berline saparynyň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Germaniýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň germaniýaly işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen geçirilen bilelikdäki duşuşygyna gatnaşdy...

12.02.2026 15:04
4.1k+

Türkmen wekiliýeti Berlinde «MA – Germaniýa» görnüşindäki duşuşyga gatnaşdy

2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Berlinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Germaniýanyň Federal daşary işler ministri bilen giň gerimli duşuşygy geçirildi. Gepleşiklerde türkmen tarapyna daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow wekilçilik etdi...

06.02.2026 09:27
2.5k+

Bitkoin 63 müň dollardan aşak düşdi: bu onuň ýeten iň ýokary görkezijisinden iki esse arzan

Binance biržasynyň maglumatyna görä, bitkoin kriptowalýutasynyň kursy Aşgabat wagty bilen sagat 01:55-de 62 345 dollara çenli pese düşdi. Bu görkeziji 2025-nji ýylyň oktýabr aýyndaky taryhy iň ýokary derejeden iki esse azdyr...