«Forsaž 10»-na Jastin Liniň deregine Lui Leterýe režissýorlyk eder

  • 03.05.2022 19:33
  • 7.2k+

Win Dizel bilen arasyndaky dartgynly gatnaşyklar sebäpli, «Forsaž 10»-ny taşlap giden Jastin Liniň ornuny fransuz režissýory Lui Leterýe («Görlüp-eşidilmedik Halk», «Ýük daşaýjy»-nyň başky iki filmi) eýelär. Bu barada Variety portaly habar berýär. 

Portalyň çeşmeleriniň habar bermegine görä, Leterýe köpsanly dalaşgärlerden ozdurdy, şol bir wagtda işiň tertipnamasynyň üstünde henizem işlenilýär.
Jastin Li «Forsaž 10»-nyň surata düşürilip başlananyna birnäçe gün bolanda boýewigiň režissýory wezipesinden gitdi. Bu Win Dizel bilen arasyna tow düşmegi netijesinde gelnen karardyr diýip, Daily News çeşmesi habar berýär. Onuň gürrüň bermegine görä, akýor filmiň surata düşürilýän ýerine gaty gijä galyp, tekstem ýat tutman, üstesine-de halys ýadaw görnüşde gelýär eken. Şeýle-de, çeşme Liniň özünden-özi 10-20 mln dollardan ýüz öwrenini öň hiç mahal görmändigini belleýär. 
Owal franşizanyň bäş filmini surata düşüren režissýoryň özi bolsa bu bolan ýagdaýa düşündiriş bermekden boýun gaçyrdy.
Liniň gitmegi bilen, «Forsaž 10» filminiň bir böleginiň surata düşürilişiniň bökdelmegi sebäpli Universal studiýasy günde 600 müň dollardan 1 mln dollara çenli puluny bihuda ýitirýär.


17.03.2025 18:36
6.8k+

“Forsaž 7-däki” Jeýson Stethemiň baggisi 40 750 dollara satyldy

“Forsaž 7” filminden belli bolan “Fast Attack” baggisiniň täze eýesi peýda boldy. Jeýson Stethemiň süren ulagy Bring a Trailer portalynda geçirilen auksionda 40 750 dollara satyldy. “Ýörite surata düşüriş üçin...

06.02.2025 12:14
7.7k+

“Forsaž” kinofranşizasynyň ýyldyzlary doňdurmanyň mahabatynda surata düşdüler

“Forsažyň” ýyldyzlary ýaryş ýollaryny asuda doňdurma iýmek bilen çalyşdylar. Win Dizel, Mişel Rodrigez we Ludakris Amerikanyň Häagen-Dazs brendiniň doňdurmasyny mahabat etmek üçin ýaryşlar dessanyndaky keşplerinden...

08.05.2024 11:49
6.4k+

“Forsaž-11” 2025-nji ýylda çykmaz, ol 2026-njy ýyla meýilleşdirilýär

“Forsaž-11” filmi 2026-njy ýylda ekrana çykar. Bu barada režissýor Lui Leterýe aýtdy diýip, daily.afisha.ru habar berýär. Onuň aýtmagyna görä, film indiki ýylyň başynda surata düşürilip başlanar, 2026-njy ýylda...

27.02.2024 16:24
12k+

Win Dizel “Forsažyň” soňlanyp biljekdigine yşarat etdi

Win Dizel sosial ulgamlarda “Forsaž-11-iň” franşizanyň iň soňky filmi boljakdygyna yşarat etdi. Bu barada daily.afisha.ru belleýär. “Biziň “Forsaž” babatynda ssenariýaçylar we tutuş topar bilen hepdelik duşuşygymyz...