Bütindünýä banky (BB) Ukrainadaky ýagdaýlar sebäpli 2022-nji ýylda dünýäde energiýa göterijileriniň (50%) we energetiki däl harytlaryň (20%) bahalarynyň rekord derejede ýokarlanjakdygyny çaklaýar. BB-niň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan aprel aýynyň hasabatyna görä (Commodity Market Outlook), dawa üpjünçilikde düýpli bökdençliklere getirdi diýip, TASS-a salgylanyp, Trend habar berýär.
“2022-nji ýylda energiýa göterijileriniň köpüsiniň bahalarynyň 2021-nji ýyldakydan has ýokary bolmagyna garaşylýar. Şol bir wagtyň özünde, orta möhletli geljekde bahalar peselmez” – diýlip, hasabatda aýdylýar.
BB-niň hünärmenleri 2022-nji ýylda bahalaryň ep-esli ýokarlanjakdygyny çaklasalar-da, hakyky görkezijileriň çak edilişinden has ýokary bolandygyny belleýärler. Şol bir wagtyň özünde, olar çig mal bazaryndaky ýagdaýyň ösüşi, esasan, Ukrainadaky dawanyň dowamlylygyna bagly diýip hasaplaýarlar. Russiýa bilen Ukraina gazylyp alynýan ýangyjy, dökünleri, dänäni we metaly iň uly global eksport edijilerdir. Analitikleriň çaklamagyna görä, 2022-nji ýylda Brent söwda belgili nebitiň bahasy 2013-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesine ýetip, bir barrel üçin 100 dollar bolar, bu bolsa 2021-nji ýyldaky ortaça ýyllyk bahadan 42% ýokarydyr.
“Umuman, 2020-nji ýylyň aprel aýyndan 2022-nji ýylyň mart aýy aralygynda nominal bahalaryň üýtgemegi 1973-nji ýylda nebitiň bahasynyň ýokarlanan wagtyndan bäri energiýa göterijileri üçin bahalaryň iň uly ösüşine getirdi” – diýlip, hasabatda bellenilýär. Energetiki däl harytlaryň bahasy, takmynan, 20% ýokarlanar. Bugdaýyň bahasynyň bolsa 40%-den gowrak ýokarlanmagyna garaşylýar. Hünärmenler azyk önümçiligi üçin goşmaça ýerleriň ulanylmagyny azyk çökgünliginden çykmagyň mümkin ýoly hökmünde belleýärler we dünýä syýasatçylaryny, ilkinji nobatda, jemgyýetiň garyp gatlaklaryny bahalaryň ýokarlanmagyndan goramaga çagyrýarlar.