Apple iPhone-y özbaşdak bejermek üçin serwisi işe girizdi

  • 01.05.2022 14:58
  • 5.1k+

Apple korporasiýasy smartfonlaryny özbaşdak bejermek üçin serwisi işe girizýändigi barada habar berdi. Ol ABŞ-daky ulanyjylar üçin elýeterli bolar. Bu barada kompaniýanyň saýtynda ýerleşdirilen metbugat relizinde aýdylýar.

Reliziň maglumatlaryna görä, täze internet dükan alyjylara 200-den gowrak original ätiýaçlyk böleklerini we gurallary hödürlär, bu bolsa ulanyjylara iPhone 12-ni we iPhone 13-i, şeýle-de iPhone SE-ni (3-nji nesil) abatlamaga, şol sanda gurluşyň displeýini, akkumulýatoryny we kamerasyny çalyşmaga mümkinçilik berer. Şu ýylyň ahyrynda bu programma Mac kompýuterlerini bejermek üçin gollanmalar, bölekler we esbaplar goşular.

Apple goşmaça Birleşen Ştatlardaky ulanyjylara bir gezeklik abatlaýyş üçin satyn almak islemeseler, gurallar toplumyny bir hepdelik kärendesine almaga mümkinçilik berer. Kompaniýa “elektron gurluşlaryny bejermekde tejribesi bolmadyk müşderileriň köpüsi üçin Apple-iň original böleklerini ulanýan sertifikatly hünärmenler bilen professional hyzmat üpjün edijisine barmagyň hyzmaty almagyň howpsuz we ygtybarly usulydygyny” belledi.

Şeýle-de, kompaniýanyň saýtynda şeýle serwisiň şu ýyl Ýewropadaky ýaşaýjylar üçin hem elýeterli boljakdygy aýdylýar. 


düýn 21:09
653

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....