Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» atly täze kitaby çapdan çykdy

  • 29.04.2022 20:09
  • 37k+

Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» atly täze kitaby çapdan çykdy. Şu gün — 29-njy aprelde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berildi.

Dabarada Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Demokratik partiýanyň başlygy, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri we beýleki myhmanlar çykyş edip, hormatly Arkadagymyzyň täze eseriniň many-mazmuny, onuň ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Täze kitap «Ýaşaýyş medeniýeti», «Ynanç hakynda söz», «Müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan ýol-ýörelge», «Gadymyýete nazar», «Mukaddes Mekge-Medinä zyýarat», «Milletiň ruhy-ahlak mekdebi» ýaly bölümleri, şeýle-de olaryň her birine degişli bölümçeleri öz içine alýar. Olarda adamzat döräli bäri ýaradylyşyň gözbaşyna, dünýä, tebigata, durmuşa akyl ýetirmek bilen baglanyşykly garaýyşlar, pikir-pelsepeler yzarlanylýar.

Bellenilişi ýaly, «Ömrümiň manysy» eseri çuňňur ylmy işdir. Gahryman Arkadagymyzyň öz manyly ömrüniň geçen uzak ýyllarynyň tejribesine daýanyp, düýpli ylmy garaýyşlar, çuňňur seljermeler esasynda ýazan bu eseri döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda zähmet çekýän adamlar, döredijilik işgärleri, bütin halkymyz üçin örän gymmatlydyr.


düýn 01:36
4.3k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

11.06.2026 14:06
7k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

11.06.2026 14:01
7.3k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 10:55
7k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....