Microsoft-yň çärýek girdejisi ýyllyk hasabynda 18% ýokarlandy

  • 28.04.2022 18:05
  • 1.8k+

Microsoft amerikan korporasiýasynyň girdejisi geçen çärýek geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 18% ýokarlanyp, 49,36 mlrd dollara ýetdi. Degişli maglumatlar kompaniýanyň saýtynda berilýär. 

31-nji martda tamamlanan üç aýlyk döwürde kompaniýanyň arassa girdejisi 16,72 mlrd dollara ýetdi. Ol ýyllyk hasabynda 8% ýokarlandy. Bellenilen möhletde Microsoft-yň operasion girdejisi 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 19% ýokarlanyp, 20,36 mlrd dollar boldy. CNBC telekompaniýasynyň bellemegine görä, kompaniýanyň maliýe görkezijisi hünärmenleriň çaklamasyndan ýokary boldy, olar 49,05 mlrd dollara golaý girdejä garaşypdylar.
Korporasiýanyň baş ýerine ýetiriji müdiri Satýa Nadella “sanly tehnologiýalaryň ykdysadyýete täsiriniň wagtyň geçmegi bilen ýokarlanjakdygyny” belledi. Öz gezeginde Microsoft-yň maliýe müdiri Emi Hud kompaniýanyň geçen çärýekdäki maliýe üstünliginiň bulut tehnologiýalaryna bolan isleg bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.


düýn 12:03
9.7k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.2k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

30.04.2026 07:20
2.2k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......